Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Nawalny açlygyny bes etjekdigini aýdýar


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny geçen aý türmede bejergi almak hukugy sebäpli yglan eden açlygyny bes etjekdigini, sebäbi özüniň “ýeterlik üstünlik” gazanandygyny aýtdy.

31-nji martda açlyk yglan eden kreml tankytçysy 23-nji aprelde Instagramda saglyk ýagdaýynyň gowy däldigini, arkasyndaky we aýaklaryndaky ýiti agyry sebäpli şahsy lukmanlar tarapyndan barlag geçirilmegini talap etmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ol geçen hepdäniň aýagynda, şahsy lukmany Anastasiýa Wasilýewa we beýleki üç lukman Russiýanyň Federal Jeza gullugyna hat ýazyp, ýagdaýynyň çalt ýaramazlaşandygyny aýdanyndan soň, golaýdaky başga türmäniň içinde ýerleşýän hassahana ýerleşdirildi.

Nawalnynyň lukmanlary 23-nji apreldäki beýanatlarynda lukmançylyk netijelerini gözden geçirendiklerini we onuň Moskwadaky “döwrebap” hassahana, günbatar hünärmenleriniň gatnaşmagynda doly diagnoz goýlup boljak ýere geçirilmegini maslahat berendiklerini aýtdylar.

Wasilýewa "Gören zatlarymyzy diňe “erbet” “professional däl” diýen sözler bilen suratlandyryp bolmaýar – olar aýylganç, ertir doly görnüşindäki derňewi çap ederis" diýip, twit ýazdy. “Takyk bilýän bir zadymyz: Alekseý gyssagly ýagdaýda keselhanada bejerilmeli. Ýogsa ol öler” diýip, lukman aýtdy.

XS
SM
MD
LG