Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ASEAN liderleri Birmanyň hunta generaly bilen krizis ýygnagyny geçirýär


Döwlet agdarylyşygyna garşy demonstrantlara garşy edilýän basyşlaryň çäginde 700-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar. 
Döwlet agdarylyşygyna garşy demonstrantlara garşy edilýän basyşlaryň çäginde 700-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar. 

Demokratiýa tarapdar demonstrantlara garşy gazaply basyşyň bes edilmegine itergi bermek üçin, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary 24-nji aprelde Jakartada Birmada bolup geçen döwlet agdarylyşygynyň harby ýolbaşçysy bilen adatdan daşary duşuşyk geçirýär.

Döwlet agdarylyşygynyň lideri, uly general Min Aung Hlaing bilen alty sany döwlet baştutanynyň we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) üç sany daşary işler ministriniň arasynda planlaşdyrylan iki sagatlyk duşuşykdan uly bir öňegidişlige garaşylmady.

Taýland, Filippin we Laotiýan liderleri öz ýurtlaryndaky kynçylyklara salgylanyp, ýylyň birinji ASEAN sammitine gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Ýerli gözegçiler Birmada, Mýanma diýlip hem bilinýän ýurtda döwlet agdarylyşygyna garşy demonstrantlara garşy edilýän basyşlaryň çäginde 700-den gowrak adamyň öldürilendigini, birmaly protestçileriň müňlerçesiniň tussag edilendigini aýdýarlar.

Singapuryň daşary işler ministri Wiwian Balakrişnan ASEAN sammitiniň öňüsyrasynda "Bu bolýan betbagtçylyk Mýanma, ASEAN we sebit üçin agyr ýagdaýlary döredýär" diýdi.

Bu çäräniň howsuzlygyny üpjün etmek üçin indonez paýtagtyna müňlerçe polisiýa ofiseri toplandy. BMG-niň Birmadaky wekili geçen aý BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Birmanyň “başa barmadyk döwlet ýagdaýyna geçmek ähtimallygyny" duýdurdy.

XS
SM
MD
LG