Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka prezident ygtyýarlyklary baradaky karara gol çekmäge taýýardygyny aýdýar


Aleksandr Lukaşenka bilen Wladimir Putininiň arasynda 22-nji aprelde, Moskwada bolan duşuşygyň jikme-jiklikleri açylmaýar.
Aleksandr Lukaşenka bilen Wladimir Putininiň arasynda 22-nji aprelde, Moskwada bolan duşuşygyň jikme-jiklikleri açylmaýar.

Belarusyň döwlet habar beriş serişdeleri Aleksandr Lukaşenkanyň prezidentligi berjaý edip bilmedik ýagdaýynda prezident ygtyýarlyklaryny ýurduň Howpsuzlyk geňeşine geçirjek karara gol çekjekdigini aýdýar.

Howpsuzlyk geňeşi Lukaşenkanyň goldawçylaryndan saýlanan adamlardan düzülen. Döwlet habar gullugy “Beltanyň” 24-nji aprelde Lukaşenkanyň sözlerine salgylanyp beren habaryna görä, onuň ýok wagtynda Howpsuzlyk geňeşiniň ýolbaşçylygy premýer-ministre geçer.

Belarusda awgust aýynda bolan dawaly saýlawda gaýtadan saýlanandygyny yglan edeli bäri köp hökümet Lukaşenkanyň prezidentlige bolan talaplaryny bikanun hasaplaýar. Tankytçylary onuň ozal konstitusiýa üýtgetmeleri we saýlawlar barada beren wadalarynyň hem bökdençlik taktikalary bolandygyny aýtdylar.

Belarus syýasy oppozisiýasynyň ýolbaşçylarynyň köpüsi bireýýäm tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur boldy.

Belarusyň bosgunlykdaky oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 21-nji aprelde ABŞ-nyň Belarusdaky täze ilçisi bilen duşuşanda, özüniň Belarusy "garaşsyz, azat we ähli ýurtlar bilen dostlukly we özara peýdaly gatnaşyk gurýan" ýurt hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.

Günbatar sanksiýalarynyň, täze saýlaw we Lukaşenkanyň çekilmegi baradaky çagyryşlaryň güýçlenmegi bilen, bäş möhletlik awtoritar prezident Moskwa goldaw üçin barha kän ýüz tutdy.

Lukaşenka bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putininiň arasynda 22-nji aprelde, Moskwada bolan duşuşygyň jikme-jiklikleri açylmaýar.

XS
SM
MD
LG