Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasat, ykdysadyýet sebäpli lapykeç bolan albanlar parlament saýlawynda ses berýär


Üçünji möhlete dalaş edýän Rama, öz sosialistleri köplük gazanyp bilmese, işinden çekilmegi wada berdi. Arhiw suraty
Üçünji möhlete dalaş edýän Rama, öz sosialistleri köplük gazanyp bilmese, işinden çekilmegi wada berdi. Arhiw suraty

Albanlar ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan asudalyga çagyryş edilmegine getiren ýiti çekeleşikli kampaniýadan soň geçirilýän parlament saýlawlarynda ses berýärler.

25-nji aprelde saýlawçylar uzak wagt bäri wezipede bolan çepçi premýer-ministr Edi Rama bilen onuň birleşen oppozisiýa tarapyndan goldanýan ýiti tankytçynyň arasynda seçgi etmeli.

Üçünji möhlete dalaş edýän Rama, saýlawçylaryň syýasatdan we ýurduň ykdysadyýetinden nägileligi netijesinde, öz sosialistleri köplük gazanyp bilmese, işinden çekilmegi wada berdi.

Premýer-ministr esasy oppozisiýa demokratlarynyň daşyna jemlenen ondan gowrak partiýanyň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar, olaryň lideri Lulzim Başa Ramanyň sekiz ýyllap iş oňarmandygyny we indi oňa mümkinçilik berilmeli däldigini aýtdy.

Pikir soramalar Ramanyň sosialistleriniň garşydaşlaryndan öňe saýlanýandygyny görkezýär, ýöne saýlawçylaryň köpüsiniň ikirjiňlenýändigi aýdylýar.

Taraplaryň ählisi bir ýyl ozal agzalyk gepleşikleri açylan Balkan ýurdunyň ÝB-ä goşulmagy üçin zerur bolan özgertmeleri durmuşa geçirmek wadasyny berýär.

2,8 million ilatly ýurt Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň hataryna girýär we onuň syýahatçylyk pudagy koronawirus pandemiýasy sebäpli agyr zyýan çekdi.

XS
SM
MD
LG