Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ombudsmeniniň hasabatynda 2020-nji ýylda adam hukuklary uly ähmiýete eýe boldy diýilýär


Adalat ministrligi, Aşgabat
Adalat ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili ombudsmeniniň ýyllyk hasabaty çap edildi. 2020-nji ýylyň hasabatynda ozalky ýyllarda bolşy ýaly ýurtda kanunçylygyň doly berjaý edilýändigi raýatlaryň hak-hukuklarynyň üpjün edilýändigi görkezilýär.

26-njy aprelde türkmen döwlet metbugatynda çap edilen "Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2020-nji ýylyň jemi" atly maglumatda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen resmi şygar astynda geçen ýylda adam hukuklaryna uly ähmiýet berlendigi aýdyldy.

Hasabatda takyk ädimleriň arasynda ýurduň parlamentiniň iki palataly bolmagynyň jemgyýetiň demokratiýalaşmagyna we adam hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmeklige gönükdirilendigi aýdyldy. Şeýle-de, global pandemiýa döwründe ýiti ýokanç kesele garşy göreş çäreleri, "adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermezligi, bu wehimiň ýurduň ykdysadyýetine oňaýsyz täsiriniň öňünüň alynmagy" ýaly meseleler hasabatda üstünlik hökmünde öňe sürüldi.

Türkmenistan öz giňişliginde COVID-19 keseliniň bardygyny resmi taýdan boýun almady. Ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň möwjemegini we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyny görmezlige salýar. Ilat, sany, keselçilik we ölüm derejesi, işsizlik, garyplyk we ilatyň hakyky ýagdaýyny görkezýän beýleki statistikany çap etmedi.

2020-nji ýylda türkmen hökümetine garşy daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary onlarça protest geçirdi, ýurduň içinde adamlar üýşüp nägilelik bildirdi. Milli kanunlarda kepil geçilýän hak-hukuklaryny talap edýän adamlar we olaryň ýakynlary türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlandy we basyş astyna düşdi.

Türkmenistanyň taryhynda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň ombudsmeniň wezipesi 2017-nji ýylyň başynda "Ombudsmen hakyndaky" kanunyň güýje girmegi bilen döredildi. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda bu wezipä parlamentiň deputaty Ýazdursun Gurbannazarowa bellendi.

XS
SM
MD
LG