Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG-niň başlygy Hindistanda koronawirusyň gürelmegine alada bildirdi


Hindistanda tapgyr altynjy gün koronawirusyň 300 müňden hem täze ýagdaýlary ýüze çykarylýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) başlygy Hindistanda koronawirus ýagdaýlarynyň gürelmegine alada bildirip, BMG-nyň edarasynyň bu ýurduň ölüm howply wirus bilen göreşine ýardam hökmünde gerekli serişdeleri ýollandygyny mälim etdi.

BSG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreýesus Hindistana guramanyň 2 müňden hem aşa işgäriniň iberilendigini aýtdy.

Ilki başda Hindistan pandemiýanyň öňüni almakda netijeli göreş alyp baran ýaly bolup görünse-de, soňky döwür 1,4 milliard ilatly bu ýurtda koronawirus ýagdaýlary ýygjamlaşdy.

Hindistanda keselhanalar hassalaryň akymyna döz gelip bilmän, olary yzyna ýollap başladylar.

Hindistanda tapgyr altynjy gün günde koronawirusyň 300 müňden hem täze ýagdaýlary ýüze çykarylýar.

ABŞ, Britaniýa we Germaniýa ilkinjiler bolup gyssagly medisina hemaýatyny hödürlediler.

Tedros pandemiýanyň global derejede “ýygjamlaşmagyny dowam etdirýändigini”, şeýle-de dünýä boýunça koronawirusa ýolugýanlaryň sanynyň tapgyr dokuzynjy hepde artýandygyny we ondan ölýänleriň sanynyň tapgyr altynjy hepde ýokarlanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, geçen hepde dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany pandemiýanyň ilkinji baş aýyndaky görkezijilere deň bolupdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG