Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derejesi – "prezidentiň agtygy". Merkezi Aziýanyň köşklerindäki üçünji erkekler nesli


12 ýaşly Kerimguly Berdimuhamedow
12 ýaşly Kerimguly Berdimuhamedow

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň söýgüli agtyklary edil döwlet baştutanlarynyň ogullary we gyzlary ýaly, aýratyn ünsi çekýärler. Olaryň käbiri daşary ýurt metbugatynda dawaly çekişmeleriň gahrymanyna öwrülýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky öňki kommunistlerden gelip çykan prezidentler öz garyndaşlaryny dolandyryjy elitanyň hataryna çekýärler. Ýöne halk mydama beýle ýagdaýa çydamaly däl. 2005-nji ýylda Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Askar Akaýewiň gyzy hem ogly bir wagtyň özünde parlament saýlawlaryna gatnaşandan soň, ýurtda protestler başlandy. Protestler ahyrynda “Çigildem rewolýusiýasyna” öwrülip, dolandyryjy maşgalanyň ýurtdan gaçyp çykmagyna sebäp boldy. Bu Merkezi Aziýa ýurtlary garaşsyzlyk alandan soň sebitdäki ilkinji rewolýusiýady. Gyrgyzystanda birnäçe prezident çalşygy bolansoň, köşk agtyklary özlerine ünsi çekip bilmedi. Muňa garamazdan, goňşy ýurtlarda ýagdaý başgaça.

Şu ýyl Nowruz baýramçylygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň agtyklary köpçülikleýin habar serişdeleriniň ünsüni özüne çekdiler.

AGTYGY AÝDYM DÖREDÝÄR – ATASY OŇA GUWANÝAR

Koronawirus pandemiýasyny resmi taýdan ykrar etmedik Türkmenistanda, Nowruz baýramçylygynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdym-saz wideosy peýda boldy. "Ak şäherim – Aşgabat" aýdymynyň sazyny prezidentiň uly agtygy Kerimguly ýazdy. Bu aýdymyň goşgusynyň awtory bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aýdym ýurduň paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň ýyl dönüminiň hormatyna ahal-teke taýçanagyna-da Aşgabat ady dakyldy. Wideo klipde şol taýçanagy hem görmek bolýar. Soňra prezident hem onuň agtygy tarapyndan döredildi diýilýän aýdymyň Sowet döwründen galan goşga gaty meňzeýändigi ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň Türkmen redaksiýasy "Berdimuhamedowyň zehininiň häkimiýete gelenden soň ýüze çykandygyny" ýazdy. Synçylar häzirki wagtda Türkmenistanda edebi döredijiligiň we aýdym-saz sungatynyň gülkünç zada öwrülendigini aýdýarlar, netijede türkmenler, umuman, edebiýata bolan gyzyklanmasyny bes etdiler.

Türkmenistanyň merkezi telewideniýesi mydama prezident Berdimuhamedowyň zehinli aýdymlaryny däl, eýsem onuň işden daşary güýmenjelerini, meselem, balyk tutuşyny-da görkezýär. 2021-nji ýylyň 15-nji iýuly.
Türkmenistanyň merkezi telewideniýesi mydama prezident Berdimuhamedowyň zehinli aýdymlaryny däl, eýsem onuň işden daşary güýmenjelerini, meselem, balyk tutuşyny-da görkezýär. 2021-nji ýylyň 15-nji iýuly.

Prezident Berdimuhamedowyň ogly soňky ýyllarda her ýyl täze wezipeleri aldy. Ozal deputat, welaýatyň häkiminiň orunbasary, ministr wezipesini eýelän Serdar premýer-ministriň orunbasaryna çenli "ýokary galdy". Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy wezipesine bellendi. Serdar Kerimgulynyň kakasydyr. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezident Berdimuhamedowy agtygy Kerimguly bilen bilelikde görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kerimgulynyň wideolary iň bolmanda her möwsümde "täzelenýär". Täze ýyl agşamynda Türkmenistanyň prezidenti Kerimgulynyň keşbinde bir gar adamyny ýasady. Soň bolsa beýleki agtyklary bilen şekillendirilen wideolar görkezildi. Iň soňky wideoýazgyda koronawirusy ykrar etmeýän bu ýurduň prezidentiniň agtyklary maskaly görkezildi.

"Ak şäherim – Aşgabat" aýdymy Türkmenistanyň prezidentiniň we onuň agtygynyň ilkinji çykyşy däl. Ondan öň, 2018-nji ýylda "Sport Türkmenistan" aýdymyny döredip, ony bilelikde aýtdylar.

2020-nji ýylyň tomsunda Berdimuhamedow 63 ýaşyny dolduryp, "pygamber ýaşyna" ýetendigini belledi. Şeýle baýramçylygyň hormatyna Kerimguly "Türkmenistanyň Altyn asyry" baýragynyň eýesi boldy. "Milli sungaty täze eserler we baýramçylyk çärelerinde ajaýyp çykyşlar bilen baýlaşdyrandygy üçin" altyn medal we 3500 manat (takmynan 1000 dollar) baýrak bilen sylaglandy.

KIÇI EMOMALI, ÝAŞAJYK ŞAWKAT hem IKINJI YSLAM KERIMOW

Nowruz baýramçylygynda prezident Emomali Rahmonyň agtygy Anuşerwoni ýaňadan dile düşdi. Anuşerwoni – Täjigistanyň prezidentiniň ogly, Duşenbe şäheriniň häkimi we Mejlisiň ýokarky palatasynyň başlygy Rustam Emomaliniň ogludyr. Nowruz baýramyna bagyşlanan kokpar oýnunda, onuň aty üç gezek ýeňiji boldy. Ýaryş ýurtda geçen iň uly kokpar oýunlaryndan biri bolup, Azatlygyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, ýeňijiler üçin baýrak hökmünde 10 awtoulag, onlarça düýe we beýleki gymmatly sowgatlar taýýarlanypdyr.

Prezident Emomali Rahmonyň agtygy Anuşerwoni Rustam kokpar oýnunyň ýeňijisi boldy.
Prezident Emomali Rahmonyň agtygy Anuşerwoni Rustam kokpar oýnunyň ýeňijisi boldy.

Anuşerwoni Rustamyň atlary öňki ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda-da ýeňiji bolupdy. Oňa “zehinli futbolçy” hem diýilýär. Anuşerwoni Rustam 2018-nji ýylda Täjigistanyň prezidentiniň baýragy ugrunda geçen ýaşlar futbol çempionatynda alty topdan bäşisini tora girizdi. Ýaryşyň açylyş dabarasyna prezident Rahmonyň gatnaşandygyny prezidentiň resmi web sahypasy habar beripdi. Makalada prezidentiň agtygynyň "zehinli oýunçy" bolandygy aýdylýar.

Emomali Rahmonyň uly gyzyndan bolan ilkinji agtygy Ismoil Sohibow köplenç gymmat awtoulaglar, ýokary tizlik, arap ýurtlarynda safari we gymmat dynç alyşlar bilen baglanyşykly ýatlanylýar. Şeýle hem onuň mätäçlere sadaka berýändigi aýdylýar.

Indi köpden bäri Täjigistanyň prezidentiniň we Özbegistanyň lideriniň maşgalalarynda doglan çagalara atalarynyň ady dakylýar. 2019-njy ýylda doglan Rustamyň ikinji ogluna, atasynyň hormatyna Emomali ady dakyldy, Şawkat Mirziýaýewiň gyzy Saida 2020-nji ýylda doglan ogluna Şawkat adyny dakdy.

Merkezi Aziýadaky prezidentlerden ýene biriniň agtygynyň ady Yslam Kerimow. Ol Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň häzir türmede oturan gyzy Gülnara Kerimowanyň ogludyr. Gülnara Kerimowanyň garşysyna jenaýat-derňew işleri başlanaly bäri, Yslam Londonda ýaşaýar. Ejesine garşy kazyýet işiniň toslanyp tapylandygyna ynanýan Yslam Kerimow 2018-nji ýylda, Beýik Britaniýadan syýasy gaçybatalga sorady.

MAŞGALADAKY «OPPOZISIÝA»

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ikinji agtygy, ýurduň Mejlisiň deputaty Dariga Nazarbaýewanyň we Rahat Aliýewiň ogly Aýsultan 2020-nji ýylda, ölmezinden ozal Angliýadan syýasy gaçybatalga almak isleýändigini mälim etdi.

Onuň ölümi geçen ýyl köp şübheli pikirleriň döremegine sebäp boldy.

Iňlis koroneri – şübheli ölümi barlaýjy Fiona Wilkoks ýakynda Aýsultanyň ölümi bilen baglanyşykly beýanat mälim etdi. Ol şaýatlaryň beren maglumatlary, polisiýa gözegçileriniň we psihiatryň görkezmeleri bilen ylalaşýandygyny aýdyp, ýüze çykan ýagdaýy neşe bilen baglanyşykly diýip häsiýetlendirdi. “Aýsultanyň tebigy ölendigine ynanýaryn; kokaine baglylykdan ýogalypdyr. Bu ölüm baradaky şübheli ýagdaýlar aradan aýrylýar" diýdi.

Ölenden soň geçirilen barlaglar Aýsultanyň ganyndaky kokainiň konsentrasiýasynyň aşa ýokarydygyny görkezdi.

Aýsultan Nazarbaýew daşary ýurtda aýdan dürli garaýyşlary hem bikanun hereketleri bilen tanaldy. Ol iň ýokary gatlaga ornaşan korrupsiýany paş etmek isleýändigini aýtdy. Aýsultan 30 ýaşyna 10 gün galanda aradan çykdy.

2019-njy ýylda polisiýa garşylyk görkezendigi üçin, iňlis kazyýeti oňa garşy şertli höküm çykardy. Şeýle hem kazyýet oňa neşekeşlik sebäpli bejergi almagy buýurdy. Aýsultan köplenç maşgalasyndaky ýagdaýy tankytlaýardy. Ol öz Facebook sahypasynda pul ýuwmak işleri, galp meýilnamalar arkaly döreýän korrupsiýa hem-de Nazarbaýew maşgalasynyň olara gatnaşygy barada ýazgylaryny ýerleşdirdi. Ölmezinden öň öz ýakynlary tarapyndan janynyň howp astyndadygyny aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti wagtynda Nursoltan Nazarbaýew Almatyda açylan güýmenje-oýunlar merkezinde, aýaly Sara hem agtygy Aýsultan (sagda) bilen. Almaty, 1997-nji ýyl. Surat prezidentiň Instagram sahypasyndan alyndy.
Gazagystanyň prezidenti wagtynda Nursoltan Nazarbaýew Almatyda açylan güýmenje-oýunlar merkezinde, aýaly Sara hem agtygy Aýsultan (sagda) bilen. Almaty, 1997-nji ýyl. Surat prezidentiň Instagram sahypasyndan alyndy.

Aýsultan Nazarbaýew geçen ýylyň awgustynda Londonda aradan çykdy.

2016-njy ýylda Aýsultanyň uly dogany Nuraly Aliýewiň ady ofşor hasaplary bilen baglanyşykly «Panamagate» işi bilen baglanyşykly peýda boldy. Şondan soň ol paýtagtyň akiminiň orunbasary wezipesinden çekildi. Şeýle-de bolsa, geçen ýyl Nuraly Londondaky gymmat bahaly gozgalmaýan emläk baradaky dawa sebäpli ýene-de köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Angliýanyň Milli jenaýat gullugy ýörite derňewiň çäginde, Nuraly Aliýewe we onuň ejesi Dariga Nazarbaýewa degişli iki gymmat bahaly jaýy hem kwartirany doňdurdy. Soň Nazarbaýewa hem Aliýew London kazyýetine ýüz tutup, bu çäräni ýatyrmagy başardylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda, adatça, ýolbaşçylaryň maşgalalary barada maglumat çap etmezlige synanyşýarlar. Şeýle-de bolsa, awtoritar hökümdarlar näçe uzak wagtlap häkimiýet başynda galsalar, maşgalalary şonça-da ünsi özüne çekýärler.

«AGTYKLAR FAKTORY» PREZIDENTLERIŇ TARYHDAN SAPAK ALMAÝANDYGYNY GÖRKEZÝÄR

Merkezi Aziýadaky prezidentleriň agtyklarynyň ýygy-ýygydan agzalmagy dürli çaklamalara sebäp bolýar. Eger ýolbaşçylaryň agtyklaryny öz orunlaryna taýýarlaýandyklary çaklansa, bu iş gowulyga eltmez. Merkezi Aziýadaky «agtyklar faktory» prezidentleriň taryhdan sapak almandygyny görkezýär. Sebitiň taryhynda häkimiýetiň atadan ogluna geçirilmegi hiç haçan gowulyga eltmändi – diýip, syýasaty öwreniji Kazbek Beýsebaýew düşündirýär. – Bir wagtlar Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow maşgala agzalarynyň häkimiýete gelmegine ýol bermezlige synanyşdy. Şonuň üçin häzirki döwürde käbir adamlar ony minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar. Köplenç agtyklary bilen köpçülige çykýan ýa-da maşgalalaryny häkimiýete getirýän prezidentler halky nazarda tutmaly, iň bolmanda halka hormat goýmaly diýip hasap edýän.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG