Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý raketasynyň 9-njy maýda Türkmenistana gaçmagyna garaşylýar


“Çaňžeň-5B” (CZ-5B) 29-njy aprelde Wençan kosmodromyndan uçuryldy.

CNN-niň ABŞ harbylaryna salgylanyp habar bermegine görä, soňky maglumatlara laýyklykda, hytaý raketasynyň Ýer atmosferasyna gaýdyp gelýän galyndylary, okuwçy gatnadýan awtobus möçberindäki raketa bölegi ertir, 9-njy maý güni ir sagatlarda, Türkmenistanyň topraklaryna ýere gaçar öýdülýär.

CNN-niň ABŞ harbylaryna salgylanyp habar bermegine görä, soňky maglumatlara laýyklykda, hytaý raketasynyň Ýer atmosferasyna gaýdyp gelýän galyndylary, okuwçy gatnadýan awtobus möçberindäki raketa bölegi ertir, 9-njy maý güni ir sagatlarda, Türkmenistanyň topraklaryna ýere gaçar öýdülýär.

Şeýle-de neşir Pekiniň öz raketa galyndysynyň düşjek ýerleri baradaky habarlary dymmak bilen garşylaýandygyny belleýär.

CNN biraz öň, Goranmak departamentiniň sözçüsi Maýk Howardyň beýanatyna laýyklykda, Hytaýyň kosmosa uçuran ägirt uly göteriji raketasynyň 22 tonnalyk galyndylarynyň “8-nji maý töwereklerinde” Ýer atmosferasyna girmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Maýk Howardyň aýtmagyna görä, raketanyň “Ýer atmosferasyna takyk giriş nokady" birnäçe sagatlap kesgitlenip bilinmez, ýöne 18-nji kosmos gözegçilik topary, Kosmos ýoly web sahypasy arkaly, raketanyň ýerleşýän ýeri barada gündelik habarlary berip dur.

Şol bir wagtda, Ýere tarap güwläp gelýän raketa galyndylarynyň şahsy howpsuzlyga az wehim salýandygy bellenýär.

Harward uniwersitetiniň Astrofizika merkeziniň astrofizigi Jonatan MakDowell şu hepde CNN telekanalyna aýtmagyna görä, "bu ýerde nähilidir bir zyýan ýetmegi ýa-da onuň birlerine gelip urmak töwekgelçiligi belli bir derejede bolsa hem, gaty az we örän kiçi”.

Şu sebäpden alym munuň üçin, raketa gaçmagy netijesinde birlerine şahsy zyýan ýeter öýdüp, ukysynyň bir sekundyny hem ýitirmejekdigini belledi.

Ýewropa kosmos gullugy "Ýer togalagynyň takmynan 41.5N bilen 41.5S giňişligini" öz içine alýan "töwekgelçilik zolagyny" çaklaýar, bu hakykatda Nýu-Ýorkuň günortasyndaky amerikan ýerlerini, Afrikanyň we Awstraliýanyň ähli bölegini Ýaponiýanyň günortasyndaky aziýa topraklaryny we Ýewropanyň Ispaniýa, Portugaliýa, Italiýa we Gresiýa ýaly ýurtlaryny öz içine alýar.

MakDowelliň CNN bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, raketa galyndylarynyň Ýer atmosferasyna 8-10-njy maý aralygynda bir wagtlarda dolanyp gelmegine garaşylýar. Alymyň sözlerine görä, ol bu iki günlük döwürde Ýeriň daşyndan 30 gezek aýlanar, ýagny sagatda 18,000 mil çemesi aralygy geçýär.

Şeýlelikde, siz onuň haçan ýere düşjekdigini çaklanyňyzda bir sagat gijikseňiz, sypdyrsaňyz, onuň nirededigini aýtmak babatynda 18,000 mil uzaklykda bolarsyňyz diýip, telekanal alymyň sözlerini sitirleýär.

MakDowelliň düşündirmegine görä, raketa galyndylarynyň okeanyň içinde bir ýerlere gaçmagy iň uly we howpsuz ähtimallyk bolup durýar. Ol bu pikirini Ýeriň köp bölegini suwuň tutmagy bilen delillendirýär.

“Eger-de siz Ýerde bir ýere gaçjak zat hakynda jedel etseňiz, ol Ýuwaş okeana gaçar diýip jedel edersiňiz. Sebäbi Ýuwaş okean ýer ýüzüniň köp bölegini tutýar, bu şeýle ýönekeý ” diýip, alym CNN bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Azatlygyň 7-nji maýda habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Kosmos komandasy bu raketanyň galyndylarynyň düşüp biljek ýerlerini yzarlaýar.

Hytaýyň gözegçilikden çykan we dolandyrylmaýan raketasynyň galyndylarynyň türkmen topraklaryna düşüp biljekdigi baradaky çaklamalaryň ýaýran wagty türkmen we hytaý liderleriniň telefonda gürleşmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Emma TDH taraplaryň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşandygyny aýtsa-da, raketa aladalaryndan sowlup geçdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG