Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň oppozisiýa lideri tussaglykdan çykdy


Gürjüstanyň oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket (ENM) partiýasynyň lideri Nika Melia (arhiw suraty)

Gürjüstanyň oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket (ENM) partiýasynyň lideri, Ýewropa Bileleşiginiň bu Günorta Kawkaz ýurdundaky uzaga çeken syýasy krizisiň soňuna çykmak maksady bilen girew yglan etmeginden soň, 10-njy maýda türmeden azatlyga çykdy.

Tblisiniň şäher sudy Nika Meliýany, deslapky tussaghanada üç aý geçireninden soň, azatlyga çykarmak barada höküm çykardy.

ÝB geçen hepdäniň aýagynda Meliýanyň haýryna 40 müň lari ($11 müň) möçberinde girew ýatyrandygyny mälim etdi. Bu paýtagt Tblisiniň suduna Meliýany “azatlyga goýbermek baradaky hökümi çykarmaga” mümkinçilik berdi diýip, Meliýanyň aklawçysy belledi.

Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugynyň beren maglumatyna görä, Meliýanyň tarapdarlary we goldawçylary, ony garşylamak üçin, tussaghananyň esasy girelgesiniň öňünde ýygnanypdyrlar. Dürli goldaw şygarlaryny gegyrýan adamlaryň ellerinde “Nika wagt geldi!” we “Nika gujurly erkekdir” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Emma türme resmileri Meliýany tussaghananyň beýleki bir derwezesinden çykardylar.

Meliýa ABŞ-nyň we ÝB-niň ilçilerine, şeýle-de Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarls Mişele minnetdarlyk bildirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG