Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak prezidenti daşary ýurtlularyň ýer eýeçiligine degişli çekeleşikli kanuna gol çekdi


Gazagystanyň prezidenti Kasymžomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasymžomart Tokaýew nebite baý Merkezi Aziýa ýurdunda daşary ýurtlulara oba hojalyk ýerleriniň satylmagyny we kärendesine berilmegini gadagan edýän çekeleşikli we gapma-garşylykly kanuna gol çekdi.

Kanuna laýyklykda, daşary ýurtlular, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurt kompaniýalary, daşary ýurtlaryň eýeçiligindäki gazagystanly kompaniýalary, halkara guramalary we daşary ýurtlaryň gatnaşmagyndaky ylmy toparlar Gazagystanda oba hojalyk ýerlerini öz eýeçiligine ýa-da kärendesine alyp bilmeýärler.

Bu kanunyň taslamasy Tokaýew tarapyndan fewral aýynda teklip edilipdi. Gazagystanyň oba hojalygynyň ýerleriniň daşary ýurtlulara satylmagyna we kärendesine berilmegine 2016-njy ýylda köpçülikleýin protestleriň netijesinde girizilen bäş ýyllyk moratoriý tomus gutarýar.

Moratoriý berk gözegçilik astyndaky ýurduň ilatynyň arasynda görlüp-eşidilmedik çykyşlaryň döremeginden we raýatlaryň oba hojalygyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meýilnamasyna nägilelik bildirmeginden soň yglan edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG