Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Musulmanlar Oraza baýramyny COVID-19 çäklendirmelerinde belleýärler


Başkyrtostan

Musulmanlar mukaddes Remezan aýyny soňlaýan Oraza baýramyny ikinji ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmelerde belleýärler.

Üç günlük baýramçylyk 13-nji maýda täze aýyň görünmegi bilen başlanýar we adatça metjitde namaz okamak, baýram etmek, maşgala agzalary bilen görüşmek we Remezan aýyndaky agyz beklemegi soňlamak bilen bellenýär.

Ýöne ýene-de köp ýurt bu ýyl baýramçylygy wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmelerde belleýär we ilatyň düzgünleri bozmagyna aladalanma bildirýär.

Dünýäniň iň köp ilatly musulman ýurdy bolan Indoneziýada hökümet ikinji ýyl adamlara öz maşgala agzalary bilen görüşmek üçin syýahat etmegi gadagan edýär. Ýurduň koronawirus ýokaşmasy köp bolan ýerlerinde metjitler ýapylýar.

200 million töweregi musulman ilatly Hindistanda ruhanylar ýurtda barha möwjeýän COVID-19 krizisi sebäpli adamlary Oraza baýramyny öýde bellemäge çagyrdylar. Ýurduň köp ştatynda çäklendirmeler girizldi.

Gür ilatly Bangladeşde millionlarça adamyň Oraza baýramynda koronawirus çäklendirmelerini bozandygy habar berildi.

Yrakda adamlaryň çäklendirmeleri yzygiderli bozýandygy sebäpli 10 günlük gadagançylyklar girizildi.

Türkiýede prezident Rejep Taýyp Erdogan Oraza baýramyndan soň çäklendirmeleri kem-kemden ýeňilleşdirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG