Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi aýalyny we gyzyny urmakda güman edilýär


Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew (çepde).
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew (çepde).

Azatlyk ilçi Ş.Jumaýewiň geçen ýyl Fransiýada Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky bütindünýä guramasynyň ýolbaşçylary Monik Elua we Romano Marabelli bilen duşuşyp, haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak meselelerini maslahatlaşandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy el güýjüni ulanmakda güman edilýär diýip, "Turkmen.news" neşiri fransuz metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Bu maglumat 13-nji maýda Fransiýanyň "Le Parisien" gazetinde çap edildi.

Žurnalistlere mälim bolmagyna görä, 46 ýaşly diplomatyň aýaly 12-nji maý güni sagat 17:30-da polisiýa ýüz tutup, adamsynyň özüni we gyzyny urandygyny aýtdy.

Şondan soň türkmen diplomatynyň aýalyna we gyzyna myhmanhanada gaçybatalga berlipdir.

Habarda aýdylmagyna görä, polisiýa gelende, maşgalabaşy öýünde ýok ekeni. Derňewiň şundan soňky bölegi aýdyň däl, sebäbi güman edilýäniň diplomatik eldegrilmesizligi bar diýip, türkmen neşiri ýazýar.

Şeýle-de, "Le Parisien" gazetiniň habarynda güman edilýäniň adynyň agzalmaýandygy, emma Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisiniň wezipesini Şöhrat Jumaýewiň eýeleýändigi bellenýär.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň 2019-njy ýylyň 2-nji maýyndaky habaryna görä, ilçiliginiň daşyndan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ş. Jumaýewi Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine hem belledi.

Ol Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi wezipesine 2018-nji ýylyň dekabrynda bellendi. Mundan öň ol Türkmenistanyň Ermenistandaky we Rumyniýadaky ilçihanalaryna ýolbaşçylyk etdi.

Azatlyk ilçi Ş.Jumaýew barada geçen ýylyň awgustynda, haçanda ol Fransiýada Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky bütindünýä guramasynyň baş direktory Monik Elua we onuň geňeşçisi Romano Marabelli bilen duşuşanda hem habar beripdi.

Şonda ol, resmi maglumata görä, daşary ýurtly hünärmenler bilen haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak meselelerini maslahatlaşdy.

TDH-nyň nygtamagyna görä, hanym Elua bu duşuşykda Türkmenistanyň haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça edýän işlerine "ýokary baha" berdi.

Mundan öň türkmen prezidentiniň gyzy we daşary ýurtda diplomat bolup işleýän giýewisi hem awtoulgada köçe düzgünini bozup, sosial mediada agza düşüpdi.

Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri soňky wagtlarda Türkmenistanyň ilçileriniň başga ýurtlarda kynçylyk çekýän türkmen raýatlaryna ýeterlik kömek bermeýändigini aýdyp, olary yzygiderli tankyt edýärler.

Ýöne synçylar, Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllaryndakydan tapawutlylykda, soňky ýyllarda türkmen ilçileriniň gaçmaýandygyny, munuň, belki-de, intellektual dereje bilen baglydygyny belleýärler.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti döwründe birnäçe türkmen iliçisi hökümetiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşman, daşary ýurtlardan gaçybatalga sorady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG