Ol bu aýyplamalary "ýasalan" diýip atlandyrdy we olaryň "ýene bir gezek režimiň öz raýatlaryndan gorkýandygyny görkezendigini" aýtdy.
Kalesnikawanyň egindeşleriniň 13-nji maýda Azatlyk radiosyna resmi dokumentlere salgylanyp aýtmaklaryna görä, Kalesnikawa konstitusiýa laýyk gelmeýän usullar bilen häkimiýeti ele geçirmekde, milli howpsuzlyga garşy jemgyýetçilik çagyryşlaryny etmekde, ekstremist topar döretmekde we oňa ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýar.
Eger günäli tapylsa, ol 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Twitterde Kalesnikawa bildirilýän resmi aýyplamalary kabul ederliksiz atlandyryp, "Görnüp duran zat, režim repressiýa etmek üçin galp aýyplamalary ulanýar" diýdi.
Kalesnikawa Belarusda awgust aýynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň ýurtda häkimiýet geçişine ýardam bermek üçin syýasy oppozisiýa tarapyndan döredilen utgaşdyryjy geňeşiň esasy agzasy bolup durýar.
Oppozizýa saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdansoň, Günbatar olary kabul etmekden ýüz öwürdi.
Kalesnikawa özüne bildirilýän ähli aýyplamany syýasy äheňli diýip häsiýetlendirdi we ret etdi.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok