Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Moskwanyň ukrain ýerleriniň käbir böleklerini eýelemek synanyşygyny duýdurýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşanda ruslaryň bu sebite goşun ýerleşdirilmegini berk tankyt etdi. 6-njy maý, 2021.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Moskwanyň esasy maksadynyň gündogar Ukrainanyň ýedi ýyl bäri söweş meýdanyna öwrülen ýerlerini özüne birikdirmekden ybaratdygyny duýduryp, Bileleşigiň Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasyna has berk gaýtawul bermegine çagyrýarlar.

Bu duýduryşlar ÝB-niň diplomatik edarasy tarapyndan taýýarlanan we şu hepdäniň başynda ÝB agzalarynyň arasynda ýaýradylan, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan hem gözden geçirilen hasabatda berildi.

Russiýa tarapyndan goldanýan söweşijiler bilen Ukrainanyň hökümet goşunlarynyň arasynda bolan çaknyşyklar 2014-nji ýyldan bäri 13,000-den gowrak adamyň ölümine we bir milliondan gowrak adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.

Geçen aý Russiýa Ukraina bilen serhetleşýän sebitlerine 100,000-den gowrak goşun we agyr ýarag iberenden soň dartgynlylyk has güýçlenen hem bolsa, söweşler kem-kemden köşeşdi we azaldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken geçen hepde Kiýewde ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşanda ruslaryň bu sebite goşun ýerleşdirilmegini berk tankyt etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG