Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, tatar prezidentleri Aşgabatda gepleşik geçirdiler


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) weTatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) weTatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow

17-nji maýda Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

"Tatar-inform" habar saýtynyň maglumatyna görä, maslahatda iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda “KAMAZ” ulaglary we IT ulgamy barada gürrüň edilipdir.

Maglumata görä, 2020-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 107 million dollara deň bolupdyr. Tatarystan esasan Türkmenistana transport we mehaniki serişdeleri eksport edýär. Türkmenistanyň bolsa, aglaba plastik we ondan öndürilýän serişdeleri, bakja önümlerini eksport edýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada “KAMAZ” ulaglaryny satyn almak boýunça birinji orunda durýandygy, ýurtda bu ulaglaryň 9 müň sanysynyň bardygy hem nygtalýar.

Häzirki wagtda 2019-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana 1982 ulagy getirmek barada şertnamanyň hereket edýändigi, munuň çäklerinde şu ýylyň awgustyna çenli soňky 189 ulagyň ugradylmagyna garaşylýandygy hem aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow geljek hepde smart-sitiniň, ýagny akylly-şäheriň düýbüniň tutuljakdygyny, munuň bilen baglylykda Tatarystanyň maglumat tehnologiýalary babatyndaky terjribesiniň hem peýdaly boljakdygyny aýdypdyr.

Türkmen habar serişdelerinde bu duşuşyk, şeýle-de Minnihanowyň Türkmenistana gelendigi barada, makalanyň çap edilen pursady hiç hili maglumat berilmedi.

Minnihanowy Aşgabadyň aeroportynda prezidentiň ogly - Serdar Berdimuhamedow garşylaýar.
Minnihanowy Aşgabadyň aeroportynda prezidentiň ogly - Serdar Berdimuhamedow garşylaýar.

Minnihanow Türkmenistana 16-njy maýda geldi. Tatar prezidentiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, Aşgabadyň aeroportunda Minnihanowy ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow garşylapdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG