Gaza sebitindäki bir hepdä golaý wagt bäri dowam edýän ganly çaknyşyklary bes etmek boýunça görülýän diplomatiki tagallalaryň arasynda, 19-njy maýda Gaza howa zarbalary amala aşyryldy.
Premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýylyň Gaza amala aşyran zarbalary Hamas yslamçy ýolbaşçylaryny “köp ýyl” yza tesdirendigini aýtdy.
Ysraýyl Gaza garşy howa kampaniýasyny 10-njy maýda, haçanda Gündogar Ierusalimdäki Al-Aksa metjidiniň töweregindäki ençeme günläp dowam eden tolgunşyklaryň arasynda Hamasyň Ysraýyla tarap raketalary atmagyndan soň başladyldy.
Ysraýyl harby uçarlary palestinaly söweşijileriň liderlerine we nyşanalaryna garşy zarbalaryny urmagyny dowam etdirdi.
Ysraýyl harbylarynyň maglumatyna görä, 52 uçar 25 minudyň dowamynda Han Ýunus we Rafah şäherleriniň golaýyndaky 40 sany ýerasty nyşana zarba urupdyr.
Gazanyň Saglyk ministrligi bu hüjümlerde bir aýalyň öldürilendigini, başga-da sekiz adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Gazanyň saglyk resmileriniň maglumatyna görä, Ysraýylyň Hamasyň gözegçiligindäki sebitlere garşy amala aşyran zarbalarynda 200-den hem aşa palestinaly, şol sanda 63 çaga öldürildi, şeýle-de 1 müň 400 töweregi adam ýaralandy.
Hamasyň Ysraýyla tarap atan raketalarynyň netijesinde ölenleriň sany 12 adama ýetdi. Polisiýanyň maglumatyna görä, Eşkol regionyndaky zawodda zähmet çekýän iki sany taýlandly işçi heläk bolupdyr.
18-nji maýda Fransiýa Müsür we Iordaniýa bilen utgaşykda Ysraýyl-Gaza konfliktinde ok atyşyklary bes etmek boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine rezolýusiýany hödürledi.
Fransiýanyň beýanatyna görä, bu barada prezident Emmanuel Makron özüniň müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sissi we Iordaniýanyň şasy Abdullah II bilen wideo konferensiýanyň dowamynda ylalaşypdyrlar.
“Üç ýurt üç sada madda boýunça ylalaşdy: Atyşyklar togtadylmaly, ok atyşyklary bes etmäge wagt boldy, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi meseläni öz gözegçiligine almaly” diýip, fransuz prezidentiniň beýanatynda aýdylýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.