Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awiakompaniýalara Belarus gadaganlygy sebäpli boljak gijikmeler duýdurylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ýewropanyň howa giňişligine girmegine girizilen gadaganlyk Belarusyň esasy uçar kompaniýasy bolan “Belawiýany” käbir işgärlerini işden aýyrmaga we azyndan ýedi Ýewropa ýurduna we Russiýanyň Kaliningrad sebitine planlaşdyrylan gatnawlary ýatyrmaga mejbur etdi.

Russiýanyň döwlet howa transport gullugy, Günbatar bilen Minskiň arasyndaky dawa sebäpli, käbir awiakompaniýalaryň Belarusyň howa giňişliginden gaça durmaklary bilen baglylykda, Ýewropadan Russiýa barýan ugurlardaky uçar gatnawlarynda üýtgeşmeleriň boljakdygyny, sebäbi bu ýagdaýda köpelen talaplaryň hemmesine birbada jogap bermegiň has köp wagt aljakdygyny duýdurýar.

“Rosaviatsiya” 28-nji maýda beýanat çap edip, Russiýa Moskwa barýan ýolda Belarusyň howa giňişligine girmezlik üçin ugruny üýtgeden iki ýewropa uçarynyň ýurda girmegini gadagan edensoň, awiakompaniýalara gijikmeleriň we yza süýşürilmeleriň garaşýandygyny habar berdi.

“Ryanair” uçary ýolundan sowulyp, Minskde gonmaga mejbur edilenden soň, ÝB liderleri Ýewropanyň uçar kompaniýalaryndan Belarusyň howa giňişliginden gaça durmagy haýyş etdiler.

Mejbury gondurylan uçardaky belarusly dissident žurnalistiň Minskde bada-bat tussag edilmegi halkara gahar-gazabyna sebäp boldy.

Ýewropanyň howa giňişligine girmegine girizilen gadaganlyk Belarusyň esasy uçar kompaniýasy bolan “Belawiýany” käbir işgärlerini işden aýyrmaga we azyndan ýedi Ýewropa ýurduna we Russiýanyň Kaliningrad sebitine planlaşdyrylan gatnawlary ýatyrmaga mejbur etdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji maýda, ýurduň Soçi şypahanasynda Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka bilen duşuşyp, bolup geçen zatlary ara alyp maslahatlaşar diýip, habarlarda aýdylýar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 28-nji maýda Lissabonda, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň “Ryanair” uçarynyň ýolundan sowulmagyna jogap hökmünde Belarusa garşy girizilip biljek ykdysady sanksiýalary ara alyp maslahatlaşan mejlisinde çykyş etmek bilen, Moskwa “Air France” we Awstriýa howa ýollarynyň uçarlarynyň ýurda Belarusdan sowa, üýtegedilen ugur boýunça girmegini ret edeninden soň, bu krizisiň has möwjemek howpunyň bardygyny duýdurdy.

“Bu howa gatnawynyň ullakan bozulmagy boldy, ýöne entek biz munuň anyk hadysalardygyny ýa-da rus häkimiýetleri tarapyndan görlen umumy çäresidigini bilmeýäris" diýip, Borrell žurnalistlere aýtdy.

Şu aralykda Kreml Ýewropanyň Moskwa gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň "tehniki sebäpler" bilen baglanyşyklydygyny we bu çäreleriň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görlendigini aýtdy.

"Awiasiýa edaralary şu günler köp işleýär. Hakykatdanam, bu adaty daşary bir ýagdaý. Elbetde, biz beýle ýagdaýlaryň ýüze çykmaygyny islemezdik" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa bolsa öz feýsbuk sahypasynda has berk gürläp, Günbatar ýurtlaryny "düýbünden jogapkärçiliksizde" we Belarusyň üstünden uçmagy gadagan etmek bilen, ýolagçylara howp salmakda aýyplady.

Russiýa Belarusyň howa giňişliginden sowa geçmek baradaky planlaryny ret edenden soň, “Air France” şu hepde Parižden Moskwa planlaşdyrylan iki uçar gatnawy ýatyrandygyny aýtdy.

Awstriýa howaýollary bolsa, 27-nji maýda Russiýa Belarusyň howa giňişliginden gaça durýan täze uçuş meýilnamasyny tassyklamansoň, Wena-Moskwa gatnawyny ýatyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG