Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri: türkmen ýaşulusynyň bilim tejribesi, diasporanyň howpsuzlyk aladasy we beýlekiler


Illýustrasiýa. Owganystanyň Balh welaýatynda bir çadyr mekdebi

Dünýä Türkmenleriniň bu sany 60 ýaşly owganystanly türkmen ýaşulusynyň ýokary bilim tejribeleri baradaky söhbete, etniki türkmenleriň milli adam atlaryny taşlamak meýillerine we diasporanyň howpsuzlyk aladalary baradaky maglumatlara gönükdirilýär.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy Owganystanyň bir ýokary okuw jaýynda bilim alýan 60 ýaşly owgan türkmeni, Fazylmennan Arypynyň ýokary bilim tejribeleri barada habar berdi.

Eýsem, owgan türkmenleri bilim pudagynda nähili synaglary başdan geçirýär? 60 ýaşly owgan raýatyny ýokary bilim almaga höweslendiren sebäpler näme?

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady soňky wagtlarda owgan türkmenleriniň arasynda türkmen adam atlaryny taşlamak meýilleriniň artýandygyny habar berýär.

Türkmen adam atlarynyň taşlanmagyna näme sebäp bolýar?

Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi durnuksyzlyk dowam edýär. Owgan türkmenleri howpsuzlyk bilen bagly nähili problemalary başdan geçirýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň dürli meselelerine gönükdirilýär. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady gatnaşdy.

Owgan türkmenleri: türkmen ýaşulusynyň bilim tejribesi, diasporanyň howpsuzlyk aladasy we beýlekiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG