Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro gepleşiklerinde öňegidişligiň bardygyny aýdýar, ýöne mesele saklanýar


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh

Eýran, ýadro şertnamasyny dikeltmek üçin dünýä güýçleri bilen gepleşiklerde düýpli öňegidişlikleriň gazanylandygyny, emma möhüm meseleleriň çözülmän galýandygyny aýdýar.

Eýran we alty ýurt Wenada aprel aýyndan bäri Tähranyň we Waşingtonyň 2015-nji ýylyň ýadro şertnamasyny doly ýerine ýetirmegi üçin sanksiýalara we ýadro programmasyna degişli ädimleri kesgitlemek üçin gepleşikler geçirýärler.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh 31-nji maýda Tähranda geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda "Wenadaky gepleşikleriň her tapgyry jemleýji tapgyr bolup biler. Biz howlukmaly däldiris. Möhüm öňegidişlik gazandyk, ýöne möhüm meseleler henizem dowam edýär" - diýdi we Wenadaky gepleşiklerde hiç hili dartgynlygyň bolmandygyny aýtdy.

Bilelikdäki köpraplaýyn hereket meýilnamasy diýlip atlandyrylýan şertnama laýyklykda Eýran halkara sanksiýalaryny ýeňilleşdirmegi üçin ýadro işjeňligini çäklendirmegi wada berdi.

Bu şertnama üç ýyl mundan ozal ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Waşingtony şertnamadan çykarmagyndan we Eýranyň ykdysadyýetine garşy girizen sanksiýalaryndan soň togtapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG