Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-Täjik serhedindäki çaknyşykdan bir aý soň: Duşenbe bilen Bişkek ylalaşyp bilermi?


Gyrgyz serhetçileri gyrgyz-täjik serhediniň golaýyndaky Maksat obasynda patrullyk edýär. 4-nji maý, 2021 ý.
Gyrgyz serhetçileri gyrgyz-täjik serhediniň golaýyndaky Maksat obasynda patrullyk edýär. 4-nji maý, 2021 ý.

Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde dörän gazaply çaknyşykdan bir aý soňra, ol ýerde durnukly ýagdaý saklasa-da, parahat ilat ýaragly çaknyşygyň agyr netijelerini henizem duýýar.

Taraplaryň serhet meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge taýýardyklary baradaky resmi beýanatlaryna garamazdan, Duşenbe bilen Bişkegiň arasyndaky dartgynlyk gowşaman gelýär. "Iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklar nähili çözüler?" diýen sowala syýasy bilermenler takyk jogabyň ýokdugyny boýun alýarlar.

Täjik-Gyrgyz serhedindäki çaknyşykdan soň ýeterlik wagtyň geçendigine garamazdan, Duşenbe bilen Bişkek arasyndaky dartgynlyk peselmeýär. 25-nji maý gijesi Duşenbe şäherinden Bişkek şäherine gelen Täjigistanyň “Somon Air” uçaryndaky 200 töweregi ýolagça Gyrgyzystana girmegine rugsat berilmedi. Şeýle hem Russiýanyň dürli şäherlerinden gelen ýa-da Russiýa uçmak isleýän 100 töweregi ýolagçy Bişkek aeroportunyň tranzit zolagynda saklanýar. Bäş sagat töweregi wagt geçensoň, “Somon Air” uçary Duşenbä gaýdyp geldi.

24-nji maýda Gyrgyzystan hökümetiniň başlygy Ulugbek Maripow "ýakynda Täjigistan bilen döwlet serhedinden geçmegi düýbünden bes etmek kararyna gelnendigini" aýtdy. Onuň sözlerine görä, serhet dawasy çözülýänçä, ýurduň serhetleri ýapyk bolar.

Munuň yz ýanyndan, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň graždanlaryny Gyrgyzystana islendik görnüşdäki sapar etmekden ýa-da goňşy döwletiň üstünden beýleki ýurtlara geçmekden saklanmaga çagyrdy.

Rahmon hem Žaparow meseläniň parahatçylykly çözülmeginiň tarapynda

“Somon Air” uçary bilen bolan waka sosial ulgamlarda gyzgalaňly jedelleri döretdi. Iki ýurduň sosial ulgamy ulanyjylary Gyrgyzystanyň serhedini ýapmak meselesinde, her tarap “özlerini” gorap, eglişiksiz pozisiýa eýelediler. Gahar-gazaply dawada akyl we barlyşyga çagyrýan sesler eşidilmedi diýen ýaly. Bu aralykda, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň döwlet serhet liniýalaryny kesgitlemek we çäklendirmek barada ylalaşyk gazanmak ukybyna şübhelenýänler günsaýyn artýar.

Moskwada Putin bilen Rahmonyň gepleşigi, 2021-nji ýylyň 8-nji maýy
Moskwada Putin bilen Rahmonyň gepleşigi, 2021-nji ýylyň 8-nji maýy

Täjigistanyň hem Gyrgyzystanyň prezidentleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen serhetdäki konflikti ara alyp maslahatlaşdylar. Emomali Rahmon 8-nji maýda rus kärdeşi bilen Moskwada gepleşik geçirdi, Sadyr Žaparow hem Putin bilen 24-nji maýda Soçide duşuşdy.

Putin bilen bolan söhbetdeşlikde Rahmon hem-de Žaparow meseläniň diňe parahatçylykly ýollar bilen çözülmelidigini aýtdylar. Öz gezeginde Wladimir Putin bolsa Moskwanyň iki tarapyň arasyndaky gepleşiklerde araçylyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Putin bilen Žaparowyň duşuşygy. Soçi, 2021-nji ýylyň 24-nji maýy.
Putin bilen Žaparowyň duşuşygy. Soçi, 2021-nji ýylyň 24-nji maýy.

Mundan başga-da, ilki Oşda 5-nji maýdan 9-njy maý aralygynda, soňra 13-17-nji maý aralygynda Duşenbe şäherinde, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedi boýunça topografiki toparlaryň ýygnaklary geçirildi, netijede gizlin protokol kabul edildi.

2-nji maýda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Kamçýbek Taşiýew Batken şäherindäki Maksat obasynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen duşuşykda, gol çekilen protokola laýyklykda, ‘biz düşündiriş üçin 112 kilometr ýer berdik’ diýdi. "Şol berlen ýerler şertnamalara girizilenden soň, prezidentler bu resminamalara gol çekerler hem-de tassyklanar, biz bolsa serhedi kesgitlemek boýunça işe başlarys" diýip düşündirdi.

Mundan başga-da, ilki Oşda 5-nji maýdan 9-njy maý aralygynda, soňra 13-17-nji maý aralygynda Duşenbe şäherinde, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedi boýunça topografiki toparlaryň ýygnaklary geçirildi, netijede gizlin protokol kabul edildi.

2-nji maýda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Kamçýbek Taşiýew Batken şäherindäki Maksat obasynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen duşuşykda, gol çekilen protokola laýyklykda, ‘biz düşündiriş üçin 112 kilometr ýer berdik’ diýdi. "Şol berlen ýerler şertnamalara girizilenden soň, prezidentler bu resminamalara gol çekerler hem-de tassyklanar, biz bolsa serhedi kesgitlemek boýunça işe başlarys" diýip düşündirdi.​

Eglişik bolmazmy?

Täjigistanly syýasat bilermeni Parwiz Mullojanow Duşenbe bilen Bişkegiň ähli tagallalaryna garamazdan, meseläniň çözülmeginiň beýle aňsat bolmajakdygyny öňe sürýär: olaryň arasynda suw baýlygyndan peýdalanmak, Woruhyň töweregindäki jedelli ýerler, Woruh bilen Isfara arasyndaky ýoluň kanuny durumy ýaly meseleler bar.

Parwiz Mullojanow
Parwiz Mullojanow

«Iki döwletiň arasyndaky tapawut şundan ybarat bolup, Täjigistanyň häkimiýetleri ýerli ilaty eglişik etmäge razy edip biler, Gyrgyzystanda bolsa jemgyýetçilik pikiri we syýasy güýçler ylalaşyp bolmajak ýagdaýda saklanýar, şoňa görä häkimiýetleriň eglişik baradaky islendik teklibi syýasy sebäplere görä ret edilip bilner» diýip, syýasat bilermeni aýdýar.

Bu aralykda, Gyrgyzystanda ýörite tälim alandan soň, serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylaryna ýarag edinmäge hem-de ony götermäge mümkinçilik berýän kanun taslamasy jemgyýetçilik pikirine hödürlendi. Parlament deputatlarynyň bir topary serhet wekilçiligi baradaky kanuna üýtgeşme girizmek üçin kanun taýýarlady. Mejlis agzalarynyň pikirine görä, "ygtyýarly raýatlara" goşmaça hukuklar we ýeňillikler bermeklik göz öňünde tutulýar.

Täjigistan häkimiýetleri gyrgyz mejlisiniň wekilleriniň bu inisiatiwasyna reaksiýa bildirmediler, sosial ulgamlardaky aýdylýan pikirlere görä, Täjigistanyň serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylary hem ol tagallalara aýratyn gyzyklanma bildirmeýär.

Mundan başga-da, Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow 29-njy maýda, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde “ilatyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etjek üçin, serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan ilaty möhüm harby howplara hem hüjümlere garşy durup biljek, çalt taýýarlykdaky herekete eýe bolan halk goragçylaryny döretmäge geçmegiň zerurdygyny” aýtdy.

Erika Marat: diplomatiýa derek – ynsanperwerlik

Waşingtondaky Milli Goranmak uniwersitetiniň professory Erika Marat serhetaşa meseleleriň iň gowy çözgüdi ynsanperwerlik diýip hasaplaýar. “Iki tarap hem adam ömrüniň harby operasiýalardan ýa-da syýasy hereketden has gymmatlydygyna düşünmeli. Şunuň bilen baglanyşykda, şeýle gapma-garşylyklary çözmegiň dünýä tejribesine daýanmak bilen, döwlet serhetleriniň kesgitli çäklerine däl-de, eýsem hemmeleriň özüni howpsuz duýjak bitarap zolaklaryň döredilmegine ünsi jemlemeli" diýip, Erika Marat aýdýar. Emma ​munuň ýerli ýaşaýjylarda "milli bähbitleri bozýan" çäre hasaplanmagynyň mümkindigini-de sözüne goşýar.

“Hakykat ýüzünde, Täjigistan gepleşikler arkaly serhediň käbir jedelli böleklerini özüne alsa, Gyrgyzystanyň ilaty muňa razy bolmaz. Ýerleriň berilmegi Gyrgyzystanyň häzirki syýasy režimine çynlakaý howp abandyryp biler" diýip, professor zenan belleýär.

Görnüşinden, Bişkekde bu ýagdaýy gowy nazarda tutulýar. Bilermenleriň sözüne görä, çaknyşyk ýüze çykmazdan öň resmi ýolbaşçylar serhet meseleleri barada höwes bilen gürleýän bolsalar, indi hemme zady gizlin saklamaga synanyşýarlar. Prezident Sadyr Žaparowyň Batken sebitiniň Leýlek etrabyna soňky sapary wagtynda, pida çekenler bilen duşuşykda, žurnalistlere ol ýere barmaga rugsat berilmedi.

Temur Umarov
Temur Umarov

Merkezi Aziýa boýunça Moskwadaky Karnegi merkeziniň geňeşçisi Temur Umarow Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň serhet bilen baglanyşykly meseleleri ýakyn wagtda çözüp biljekdigine şübhelenýär. “Iki ýurtdaky syýasy liderler jemgyýetiň goldawyna bil baglaýarlar hem olar halkyň talabyna garaşly bolup durýarlar. Taraplar eglişige gitmezler, sebäbi jemgyýetiň häzirki ýagdaýynda, eglişige gitmek gowşaklygyň alamaty hasaplanýar" diýip, ol aýdýar. Bilermeniň sözüne görä, elbetde, iki goňşy döwletiň serhedinde köp sanly adam pidasyna alyp barjak uly söweş bolmaz, ýöne ownuk çaknyşyklar hem dawa-jenjeller geljekde-de ýüze çykar.

Täjigistan-Gyrgyzystan serhediniň uzynlygy 970 km-den gowrak, häzirki güne çenli şol aralykdan diňe 504 km-de kesgitleme geçirilip, demarkirowka işleri amala aşyryldy. Serhediň jedelli bölümlerinde bolsa köplenç ýer, suw, serhediň bikanun geçelgeleri hem milletara düşünişmezlikler esasynda, çaknyşyk ýüze çykyp durýar.

28-nji we 29-njy aprelde Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy. Gyrgyz häkimiýetleri soňky serhet çaknyşygynda 36 adamyň ölendigini, 183 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Täjigistanyň häkimiýetleri 19 adamyň ölendigini we 87 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG