Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow Peterburgda halkara ykdysady forumyna gatnaşýar


Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Peterburgda halkara ykdysady forumyna gatnaşýar diýip, “Turkmen.news” neşiri rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Rus telekanalynyň maglumatyna görä, türkmen prezidentiniň ogly Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy we ol ýerli kompaniýalaryň Türkmenistanda ýollary we beýleki desgalary gurýandygyny aýtdy.

Şeýle-de neşir Serdar Berdimuhamedowyň ýyl başyndan bäri Orsýete üçünji gezek sapar edýändigini belleýär.

Soňky döwürde birden birnäçe uly wezipä bellenen Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa bilen 2021-2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk programmasy barada beren hasabaty Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyk edildi.

Synçylar soňky ýyllarda gaz söwdasyndaky baha, töleg dawalary üstünde iki uly müşderisini, Orsýeti we Eýrany ýitiren Türkmenistanyň dowam edýän ykdysady kynçylyklaryndan çykmak üçin günbatar sanksiýalarynyň astynda galan Orsýetden haraý gözleýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG