Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamak üçin galla oragyna başlady


Ýaşulular we resmiler bol hasyl dilegini edýär. Türkmen TW-sinden alnan surat. Arhiwden
Ýaşulular we resmiler bol hasyl dilegini edýär. Türkmen TW-sinden alnan surat. Arhiwden

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlary 4-nji iýunda galla oragyna başlady.

Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary oraga 11-nji iýunda başlar diýip, TDH habar berýär.

Öňki ýyllarda aýdylyşy ýaly, resmi habara görä, bu ýyl hem ýurduň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Soňky ýyllarda yzygiderli un, çörek ýetmezçilgi bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistan bu ýyl hem 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne hasylyny almaly.

Azatlygyň habarçylary ýyl başyndan daýhanlaryň suw, dökün, teknika we himiki serişdeler bilen üpjünçiliginiň bu ýylam ýaramaz bolmagynda galandygyny, kärendeçileriň bergili çykmakdan howatyr edýändiklerini habar berdiler.

Ýyl gurak geldi, üstesine ilki aşa sowuk howa, soňra çekirtgeler ekine uly zyýan ýetirdi, gowaçalar köpçülikleýin guraýar, emma hökümet hiç bir kömek bermeýär diýip, Azartlyk bilen gürleşen daýhanlar aýdýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen resmileri we metbugaty döwletiň daýhanlary ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edýändigini aýdýarlar we ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini ynandyrmaga çalyşýarlar.

Azatlygyň söhbetdeş bolan hünärmenleriniň köpüsiniň tassyklamagyna görä, ýurduň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý ozaly hökümetiň netijesiz oba hojalyk syýasatyny üýtgetmän saklamagy bilen bagly.

XS
SM
MD
LG