Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 23 nji hepde

1
Aşgabat. Köçe hereketini bozup, ýoldan geçýän adamlar, jerime salnansoň, ýerasty ötüklerden geçmegi 'dogry' tapýarlar.

2
Aşgabatda bolan daşary ýurtly syýahatçylar şäherde adam az diýýärler, ýöne eli sübseli aýallary welin görendiklerini aýdýarlar.

3
Aşgabat. Mejbury-meýletin welosiped çäreleri ýaşlary, islese-islemeseler-de, yssy howada hem tigir sürmäge itekleýär.

4
Ak mermerli Aşgabat dünýäniň beýleki şäherlerinden esasan ak reňkli awtolaglary bilen 'tapawutlanýar'.