Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaga zähmeti ýigrimi ýylda ilkinji gezek ýokarlandy, dünýä boýunça 160 million çaga zähmete mejbur bolýar


Kerpiç daşaýan çaga.
Kerpiç daşaýan çaga.

Çaga zähmeti soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek ýokarlandy, diýip Birleşen Milletler guramasy 10-njy iýunda aýtdy we koronawirus pandemiýasynyň ýene millionlarça çagany töwekgelçilik astynda goýýandygyny duýdurdy.

Tutuş dünýäde zähmete mejbur bolýan çagalaryň sany 160 milliona göterildi, geçen dört ýyl bilen deňeşdirilende zähmete mejbur bolýan çagalaryň sany 8,4 million çaga köpeldi diýip, Halkara Zähmet Guramasy we BMG-niň çagalar agentligi bolan ÝUNISEF bilelikde çap eden hasabatynda aýtdy.

“Biz çaga zähmetine garşy göreşde ýeňilýäris, geçen ýyl bu göreş aňsat bolmady” diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Henrietta Fore aýtdy.

“Gobal petiklemeleriň ikinji ýylynda mekdepleriň ýapylmagy, ykdysady çökgünlikler we azalýan milli býujetler maşgalalary ýürekleri gyýan saýlaw-seçgä mejbur edýär” diýip, ol aýtdy.

Hasabat dünýäde her 10 çagadan biriniň çaga zähmetine çekilmegi bilen, bir nesliň saglygyna, bilimine we abadançylygyna howp abanýandygyny duýdurýar.

Saharanyň günortasyndaky Afrika iň köp zyýan çeken sebit boldy, ýöne BMG guramalary COVID-19 pandemiýasynyň Aziýa we Latyn Amerikasy ýaly dünýäniň beýleki ýerlerinde-de ösüşe howp abandyrýandygyny aýtdy.

Çaga zähmetine mejbur bolýan çagalaryň göterimi 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende umuman üýtgewsiz galdy, ýöne ilat sanynyň ösmegi çaga zähmetine degişli sanlaryň ýokarlanandygyny görkezdi.

XS
SM
MD
LG