Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda Ak öýüň gyssagara alnyp barylýan gurluşygynda adam öldi


Ak öý, Mary
Ak öý, Mary

Türkmenistanyň gündogar sebitinde gurulýan desganyň gurluşyk meýdançasynda bir işçi öldi. Ägirt uly Ak öýüň gurluşygynda adamyň ýogalmagy bilen bagly ýagdaý barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri habar berdi.

Birnäçe çeşmäniň maglumatyna görä, 40 ýaşlaryndaky işçi 5-nji iýunda Türkmenabadyň köpugurly keselhanasynda aradan çykypdyr.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" maglumatyna görä, Ak öýüň gurluşygyna gatnaşan bir işçi 4-nji iýunda gurluşyk meýdançasynda huşuny ýitiripdir we Türkmenabatdaky köpugurly keselhana äkidilipdir. Lukmanlar adamyň ýürek keseliniň bardygyny anyklapdyr, ýöne halas edip bilmänsoň, ol günüň ertesi aradan çykypdyr.

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri hem lukmanlaryň işçiniň ölüminiň resmi sebäbiniň infarkt bolandygyny öňe sürýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, gurluşykçyny gün urandygy barada hem aýdylýar. Şaýatlaryň sözlerine görä, işçi başynyň aýlanmagyndan zeýrenipdir, onuň ýüzi we bedeni güne köýüp garalyp gidipdir. Guruşykçynyň erbet duýan wagtynda oňa ilkinji medisina kömeginiň berlip-berilmändigi belli däl.

4-nji iýunda Türkmenabatda howanyň gyzgyny kölegede 47 gradusdan geçdi. Lebapdaky lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň habar bermegine görä, aýyň başyndan bäri adaty bolmadyk yssy sebäpli medisina kömegini sorap, lukmanlara ýüz tutýanlaryň sany ep-esli artypdyr.

Ak öýüň gurluşyk meýdançasyndaky ýagdaý barada habarly çeşmeleriň aýtmagyna görä, desganyň gurluşygy boýunça işler 200 golaý adamyň gatnaşmagynda üç tapgyrlaýyn gije-gündiziň dowamynda alnyp barylypdyr.

Gurluşyk işgärleri bu ýerde işlän işçiniň ölüminden soň, häkimiýetleri iş wagtyny üýtgetendigini aýdýarlar. Şäher häkimliginiň buýrugy bilen, günüň iň yssy wagtynda işçileri gün urmaz ýaly gurluşyk irki sagatlarda we giç öýlän amala aşyrylýar.

Iş tertibiniň üýtgemegi Ak öýüň töwereginde bag we gül ekýän we ösümlikleri ideýän hyzmatlaryň işgärlerine-de täsir etdi. Olar soňky günlerde ir 6-dan 10-a çenli işleýärler, soň bolsa arakesmeden soň öýlän 4-de ýene işe gaýtadan çykýarlar.

Şäher häkiminiň buýrugy bilen şäher jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işgärleri, şol sanda abadanlaşdyryş gulluklary hem Ak öňüň gurluşygy bilen bagly işlere gatnaşdyrylýar.

Bu aralykda, Türkmenabatdaky Ak öýüň gurluşyk meýdançasynda bolan heläkçilikli ýagdaý birinji däl. Welaýatyň saglygy saklaýyş guramalaryndaky habarçylaryň we çeşmeleriň sözlerine görä, maý aýynyň başynda bir işçi binanyň ýokarsyndan ýykylypdyr. Gurluşykçy diri galypdyr, ýöne oňurgasyna zeper ýetipdir.

Çeşmeler Ak öýüň gurluşygyny tamamlamaga görülýän gyssagly işleriň, häkimiýetleriň desgany 29-njy iýunda prezidentiň doglan gününden öň tabşyrmak islegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, ilkibaşda gurluşyk şertnamalarynda desganyň gurluşygynyň tamamlanjak senesi hökmünde 2023-nji ýyl görkezilipdi.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenabatda Ak öýüň binýady 2020-nji ýylyň dekabrynda gurlupdyr. Gurluşyk ýanwar aýynda çaltlaşypdyr. Şu ýylyň mart aýynda prezidentiň ogly bu gurluşygyň barýan ýerine baryp gözegçilik etdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gündogar welaýata eden sapary sebitde weýrançylykly tupandan soň boldy. Emma ol tupanyň täsir ýetiren ýerlerine barmady we ilatyň tebigy betbagtçylykdan çeken zyýany bilen gyzyklanmady.

Aprel aýynyň ikinji ýarymynda Lebabyň häkimiýetleri gurluşygy gysga wagtda tamamlamak planlaryny mälim etdiler. Ýerli býujet guramalarynyň işgärleri yzygiderli ýowarlara çykaryldy.

Habarçylar iýun aýynyň ahyrynda Türkmenabadyň Ak öýünde medeni hepdelikleriniň geçirilmeginiň planlaşdyrylandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gurulýan bu äpet Ak öýleri prezident Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň dürli üstünliklerini mahabat etmek üçin ulanylýar. 2015-nji ýylda, Marydaky Ak öýüň açylyş dabarasynda dört müňden gowrak adam ýygnandy, prezident Berdimuhamedow şondan müňlerçe adam bilen bilelikde aýdym aýtdy. Şondan iki ýyl soň aziýa oýunlarynyň gimni bolan bu aýdymyň Ak öýde ýerine ýetirilmegi adam sany boýunça dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýurduň ýolbaşçysy Ak öýleriň welaýatlaryň hersinde bolmagyny talap etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG