Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Býujet işgärleri ýowarlara mejbury çekilýär, Ak öýüň gurluşygy gysga wagtda tamamlanmaly edildi


Aşgabatda talyplar ýowarlara gatnaşdyrylýar. Aprel, 2021.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde býujet işgärleri köpçülikleýin häsiýetde şenbe ýowarlaryna mejbury çekilýär. Bu aralykda, şäherde ilkibaşda 2023-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen Ak öýüň gurluşygy gysga wagtda tamamlanmaly edildi.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy geçen şenbe güni welaýat merkezinde geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada habar berdi. Býujet işgärleri şäheri abadanlaşdyrmak işlerine mejbury çekildi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, şenbe güni 17-nji aprelde Türkmenabatda ähli edara-kärhanalarda ýowar geçirildi. Ýowar irden sagat 7-de başlap, gijöýlän sagat 6-a çenli dowam etdi. Işgärlerden mejbury işlere ýörite ýaşyl reňkli sport egin-eşiginde gatnaşmak talap edildi.

Ýöne habarçy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri edara-kärhanalarda ýolbaşçy düzümleriň mejbury arassaçylyk işlerine gatnaşmandyklaryny aýdýarlar.

“Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, başlyklar we orunbasarlar, şeýle-de administrasiýa işgärleri asla otaglaryndan daşaryk çykmadylar. Diňe şol bir hojalyk işlerini alyp barýan işgärler gatnaşdy” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda Sowet Soýuzy döwründen miras galan jemgyýetçilik zähmeti, subbotnikler, ýagny şenbe ýowarlary yzygiderli dowam edýär. Häkimiýetler wagtal-wagtal döwlet edara-kärhanalarynda işgärleri mugt we mejbury zähmete çekýärler.

Ýowarlarda işgärler köplenç ýol kenarlaryny haşal otlardan arassalaýar, möwsümine görä, agaç nahallaryny oturtmak ýa-da ösüp oturan baglaryň aşagyny heklemek we beýleki arassaçylyk işleri bilen meşgullanýarlar.

Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, bu gezek şenbe ýowarlarynyň uzaga çekmegine garaşylýar.

“Maý aýynyň 25-ne çenli her şenbe güni ýowar geçirilmelidigi aýdylýar” diýip, býujet işgäri aýtdy.

25-nji maýda Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. Döwlet mediasy şenbe güni Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň “140 ýyllygy” mynasybetli ýurt boýunça ählihalk ýowarlarynyň geçirilendigini habar berýär.

17-nji aprelde köpçülikleýin ýowarlar ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabatda hem geçirildi. Paýtagtda geçirilen ýowarlara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem gatnaşdy.

Döwlet telewideniýesinde efire berlen wideolarda Berdimuhamedow wise-premýerlere ilki arassaçylyk we abadanlaşdyryş üçin zerur bolan zähmet gurallaryny paýlap berdi. Soňra emeldarlar, döwlet telewideniýesinde görnüşi ýaly, özlerine bölünip berlen ýerleri syryp süpürdiler, agaç heklediler we beýleki arassaçylyk işleri bilen meşgullandylar.

Lebaply habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda geçirilen şäher abadanlaşdyryş işlerinde býujet işgärlerinden diňe ýaşyl sport egin-eşiklerinde ýowara gatnaşmak talap edildi.

Işgärler ýowarlara degişli egin-eşikler boýunça reňk talabynyň özlerine goşmaça çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin Lebabyň welaýat häkimliginde ýörite topar düzülipdir.

Bu aralykda, Türkmenabatda ilkibaşda 2023-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen Ak öýüň gurluşygy çaltlandyrylýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bu binanyň gurluşygyny dört aý töweregi wagtyň dowamynda tamamlamak kararlaşdyryldy.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, bu bina ýurtda garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berilmeli desgalaryň sanawyna alnypdyr.

Ýöne binanyň gurluşygyny çaltlandyrmak işleri prezidentiň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebite sapar edip, bu Ak öýüň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmagynyň yz ýanlaryna gabat geldi.

Ýatlasak, 22-nji martda Serdar Berdimuhamedow Türkmenabatda turan soňky harasatyň yz ýany, Lebap welaýatyna sapar etdi we saparyň dowamynda, beýleki çäreler bilen bir hatarda, Ak öýde gurluşygyň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde döwlet başlangyjy bilen iri merkezlerde läheň Ak öýler bina edilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatdaky Ak öýüň gurluşygy soňky dört aý töweregi wagt bäri çaltlandyryldy. Şeýle-de, binanyň gurluşygyny bir ýerli hususy kärhana alyp barýar, ýöne onuň inženerçilik, aragatnaşyk we elektrik energiýasy bilen üpjünçilik işlerine türk hünärmenleri hem gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG