Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Apple kompaniýasynyň VPN-a meňzeş täze hyzmaty Türkmenistanda elýeterli bolmaz


Illýustrasiýa suraty. iPhone 6 göterýän adam.

Apple kompaniýasynyň “Private Relay” atly VPN-a meňzeş täze hyzmaty 10 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda ulanyjylara elýeterli bolmaz.

Apple 7-nji iýunda ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny kämilleşdirmek ugrunda täze hyzmat hödürleýändigini yglan etdi.

Kompaniýanyň “Private Relay” atly hyzmaty iPhone, iPad ýa-da islendik Apple önümini ulanýan ulanyjynyň onlaýn maglumatlaryny şifrleýär we telefonyň ýa-da islendik Apple enjamynyň IP adresini gizleýär. Munuň bilen, ne Apple kompaniýasy, ne-de üçünji taraplar, meselem mobil operatorlar ýa-da beýleki internet üpjünçileri, enjamda amala aşyrylýan onlaýn işleri yzarlap bilýär.

Apple bu hyzmaty VPN atlandyrmakdan çetde durýar, ýöne hyzmatyň bitirýän işi tutuşlygyna VPN hyzmatyna çalym edýär.

Ýöne bu hyzmat Türkmenistandaky Apple önümlerinde elýeterli bolmaz. Şeýle-de, bu hyzmat Belarusda, Hytaýda, Kolumbiýada, Müsürde, Gazagystanda, Saud Arabystanynda, Günorta Afrikada, Ugandada we filippinlerde elýeterli bolmaz.

Apple-iň VPN-a meňzeş hyzmaty hödürlemeýän ýurtlarynyň köpüsi adam hukuklaryny, Internet azatlygyny berk çäklendirmekde tanalýar.

Türkmenistan hem şolaryň biridir. Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky Internet çäklendirmeleri barada hasabat berip, 2016-njy ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internetiň ganym duşmany” atlandyrdy.

Geçen döwrüň dowamynda köp zat üýtgemedi. Muňa Azatlyk Radiosynyň 2019-njy ýylda geçiren derňewi şaýatlyk edýär. Azatlygyň derňewi raýatlaryň onlaýn hereketlerini yzarlamak üçin türkmen häkimiýetleriniň “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň enjamlaryny we ekspert maglumatlaryny ulanýan bolmak ähtimallygynyň üstüni açdy.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Apple kompaniýasy näme sebäpden 10 ýurduň raýatlaryny, onda-da esasan Internet azatlygyny, söz we metbugat azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň raýatlaryny täze VPN-a meňzeş hyzmatdan mahrum edýändigini aýtmaýar.

Ýöne Reuters-iň habaryna görä, Apple özüniň täze “Private Relay” hyzmatynyň hytaýly ulanyjylara elýeterli edilmezligini ýerli kanunçylyk bilen esaslandyrýar. Apple-iň girdejileriniň 15 göterimi Hytaýdan gelýär.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň hasabatlaryna görä, hytaý häkimiýetleri raýatlaryň Internetdäki şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny äsgermezlik edýär, ýüz tanamak tehnologiýalary ýaly beýleki şahsy maglumatlaryň eldegirmesizligine gabat gelmeýän onlaýn tehnologiýalary ulanmakda tankyt edilýär.

Azatlyk Radiosy mundan ozal türkmen häkimiýetleriniň Interneti çäklendirmegi, VPN hyzmatlaryna garşy barlyşyksyz göreş alyp baryşy, telefonlara VPN gurmak hyzmatlaryny hödürleýän telefon ussalarynyň häkimiýetler tarapyndan gorkuzylyşy barada habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda YouTube, Facebook, Twitter, Instagram ýaly sosial ulgamlar petikli bolmagynda galýar.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň digitallaşdyrylýandygyny, ýurtda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýandygyny aýdýar.

Türkmenistan bilen bir hatarda Belarusda-da Apple-iň VPN-e meňzeş “Private Relay” hyzmaty elýeterli bolmaz. Habarlardan hem mälim bolşy ýaly, belarus häkimiýetleri hususan-da soňky wagtlarda dünýä sahnasynda dürli pikirliligi, erkin sözi gözçykgynç basyp ýatyrmakda tankyt edilýär.

Türkmenistanda ulanyjylar Interneti bökdençsiz ulanmak üçin köplenç VPN hyzmatlaryna zerurlyk duýýarlar. Ýurtdan gowuşýan habarlara görä, telefonlara VPN gurnamak aňsat däl, sebäbi häkimiýetler VPN-leri wagtal-wagtal petikleýär, we VPN gurmak hyzmatlaryny hödürleýän ussalara basyş edýär. Eger Apple-iň täze VPN-a meňzeş hyzmaty türkmen ulanyjylaryna elýeterli bolsa, bu Türkmenistanda iPhone eýelerini sähelçe-de bolsa, VPN derdinden halas ederdi.

Ýene bir gezek maglumat üçin aýdylsa, "PCMag" neşiriniň habaryna görä, Apple “Private Relay” hyzmatyny resmi taýdan VPN atlandyrmaýar. Ýöne hyzmat ulanyjynyň IP adresini gizleýär we bu VPN hyzmatyna çalym edýär.

Apple-iň beýanatyna görä, bu hyzmat Türkmenistan we Belarus ýaly ýene-de sekiz ýurtdan başga ähli dünýä ýurtlarynda ulanyjylara elýeterli bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG