Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bütindünýä banky Türkmenistany hasabatdan çykardy


Bütindünýä bankynyň nyşany

Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly soňky hasabatynda ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Türkmenistany hasabatdan çykardy.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabat aýdýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hödürleýän resmi ykdysady görkezijileri iri halkara maliýe guramalarynyň ikinjisi tarapyndan alga alynmaýar.

Ýatlasak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesi boýunça Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmady.

Türkmen hökümetine görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanda Jemi Içerki Önümiň ösüş depgini 5,9 göterime deň boldy. Munuň şeýledigi fewralda geçirilen hökümet maslahatynda öňe sürüldi.

Ýöne Halkara pul gaznasyna görä, geçen ýyl Türkmenistanda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesi 0,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurduň hödürleýän statistiki sanlarynyň halkara guramalarynyň hasabatlaryndan çykarylmagy barada habar bermeýär. Hökümet halkara guramalaryň ýurt boýunça hödürleýän ykdysady görkezijilerini boýun almaýar.

Bütindünýä bankynyň soňky hasabatynda Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan agzalýar, ýöne Türkmenistan agzalmaýar.

2-nji iýunda çap edilen hasabat COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde global ykdysady perspektiwalar boýunça maglumat berýär.

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda ykdysady ösüşiň depgini Özbegistanda 4,8 göterim, Gazagystanda 3,2 göterim, Gyrgyzystanda 3,8 göterim, Täjigistanda 5,3 göterim bolar.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady çökgünlikden ejir çekýär. Ýöne hökümet bu kynçylyklaryň takyk gerimini aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG