Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF-nyň türkmen ykdysadyýetine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna çapraz gelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan aýallar we çagalar.

Halkara walýuta fondy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminiň (JIÖ) ösüş derejesiniň 0.8 göterime deň bolandygyny aýdýar. Türkmenistanyň hökümeti bu sanyň 5,9 göterime barabadygyny öňe sürýär.

Halkara walýuta fondy dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkünçilikeri boýunça ýaýradan “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda Türkmenistanyň hödürleýän resmi statistiki sanlaryny ulanmady.

Hasabat dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda pandemiýanyň fonunda ykdysady ösüş perspektiwalaryny seljerýär.

Ilatyň soňky birnäçe ýyl bäri duçar bolýan ykdysady kynçylyklaryna garamazdan, türkmen hökümeti 12-nji fewralda ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde 2020-nji ýylda ýurtda JIÖ-iň ösüş depgininiň 5,9 göterime deň bolandygyny yglan etdi.

Halkara walýuta fondy ozalky ýyllarda çap eden hasabatlarynda ykdysady ösüş boýunça Türkmenistanyň hödürleýän resmi sanlaryny ulanardy.

Glasgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeski 9-njy aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Halkara walýuta fondunyň Türkmenistan boýunça hödürleýän soňky sanlaryny “öwrüm nokady” atlandyrdy.

“Bu öwrüm nokadydyr. Indi, biziň ýurt barada onsuz hem bilýän zatlarymyza gabat gelýän käbir statistiki sanlar bar” diýip, Ançeski aýtdy.

Bilermeniň sözlerine görä, Halkara walýuta fondy, Aziýanyň ösüş banky, Bütindünýä banky ýaly halkara gurmalar ozalky ýyllarda Türkmenistanyň hökümetiniň resmi sanlaryny ulanmak bilen türkmen reallyklaryna gabat gelmeýän statistiki maglumatlary hödürleýärdi.

Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz neşirler hem soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda barha ýaramazlaşýan ykdysady şertler, ýurtda dowam edýän azyk ýetmezçiligi, harytlaryň bahalarynyň barha ýokarlanmagy, ýurt raýatlarynyň bankomatlardan pul çekmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada yzygiderli habar berip gelýärdi. Ýöne halkara maliýe institutlary esasan hökümetiň resmi statistikalaryna salgylanyp, şu wagta çenli Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklaryny tassyklamaýardy.

Bilermen hökümetiň hödürleýän resmi sanlaryny ulanmak bilen, birnäçe halkara guramanyň şu wagta çenli “[türkmen] režiminiň galp maglumat we ygtybarsyz hasabat bermek tejribelerini goldandygyny” aýtdy.

Halkara guramalaryň türkmen ykdysadyýetine ýokary baha bermegi türkmen halkyny käbir halkara ýardamlardan mahrum edip gelýärdi. Ýatlasak, geçen aprelde Ýewropa Bileleşigi “Ýewropa topary” maliýe hemaýatynyň çäklerinde Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana 134 million ýewro möçberinde pandemiýa garşy maliýe kömegini berdi. Türkmenistan we Gazagystan halkara maliýe institutlaryna görä, “ortadan ýokary girdejili döwlet” hasaplanandyklary sebäpli bu ýardamdan mahrum edildi.

Bütindünýä banky Türkmenistany 2012-nji ýylda “ortadan ýokary girdejili” ýurtlaryň hataryna goşdy.

Ançeskiniň ynanjyna görä, halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistan barada hakykata ýakyn sanlary hasabat bermegi Türkmenistany dünýä arenasynda özüne laýyk kategoriýa ýerleşdirer we kyn ykdysady şertlerde zerur halkara ýardamlar türkmen halkyna elýeterli bolar.

“Dogruçyl hasabatlar kadadan çykma däl-de, kada öwrülse, onda Türkmenistan, meselem, halkara hemaýatlar bilen bagly başga kategoriýalara ýerleşdiriler. Ol,meselem, mundan beýläk Merkezi Aziýada ‘ortadan ýokary girdejili döwlet’ bolmaz, ejir çekýän ykdysadyýetli ýurtlaryň toparyna ýerleşdiriler, bu hem aslynda dogry orun bolar, laýyk orun bolar” diýip, bilermen aýtdy.

Şeýle-de, ol dogruçyl hasabatyň halkara maliýe guramalarynyň öz abraýyna-da goşant goşjakdygyny aýtdy.

Türkmen resmileri we döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini, halkyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny tekrarlaýar. Ýöne iş ýüzünde barha ýaramazlaşýan ykdysady şertler döwlet mediasynyň aýdýanlaryny tassyklamaýar.

Ekspertiň sözlerine görä, türkmen hökümetiniň ýöredýän “altyn asyr” syýasaty onuň ýaramazlaşýan ykdysady şertleri boýun almagyna päsgelçilik döredýär.

“Türkmen hökümetiniň ‘altyn asyr zamanasy’ barada aýdýanlary, onuň hakykaty boýun almagynyň öňüni baglaýar” diýip, bilermen aýtdy.

Bu aralykda, Halkara walýuta fondunyň türkmen ykdysadyýetiniň ösüş derejesiniň pesdigi barada berýän hasabaty Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna bildirýän nägilelikleriniň yz ýanyna gabat gelýär.

Prezident Berdimuhamedow soňky aýlarda birnäçe gezek global koronawirus pandemiýasynyň fonunda global ykdysadyýetiň haýallaýandygyny, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň Türkmenistana-da belli bir derejede öz täsirini ýetirýändigini aýtdy.

Berdimuhamedow fewralyň başynda ýangyç-energetika resmileriniň öňünde eden çykyşynda "dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň" ýurduň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.

Fewralyň ahyrlarynda türkmen deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda Berdimuhamedow koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard dollar töweregi zyýan ýetirendigini we dünýä boýunça 500 million töweregi iş ornunyň ýitirilendigini aýtdy. Ýöne pandemiýanyň Türkmenistana ýetiren zyýanlaryny agzamady.

Türkmen prezidenti 11-nji martda ykdysady meseleler boýunça wise-premýeler bilen hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen geçiren ýygnagynda dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaýyň dowam edýändigini aýtdy, ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanda makroykdysady ýagdaýyň “durnukly bolmagynda galýandygyny” sözüne goşdy.

Bu maslahatyň dowamynda türkmen resmileri soňky ýyllarda ýurduň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag, kommunikasiýa we oba hojalyk toplumlary üçin 14 milliard dollar töweregi daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini mälim etdi.

Halkara walýuta fondunyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine pes baha bermegi hem-de türkmen hökümetiniň bar bolan ykdysady kynçylyklary gytaklaýyn boýun almagy Halkara walýuta fondunyň pandemiýanyň fonunda dünýä ýurtlary üçin ýüzlerçe milliard dollara barabar maliýe ýardamyny bermegi göz öňünde tutýan wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG