Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus hökümdarynyň sag goly işinden çekilýär


Wenezuelanyň şol wagtky prezidenti Hugo Çawez (çepde) we Belarusyň wekili Wiktar Şaýman (sagda), 2011-nji ýylyň oktýabry, Karakas.

Belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenkanyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri, geçmişde ölüm toparlaryna ýolbaşçylyk eden diýip ynanylýan Wiktar Şaýman birden wezipesinden çekildi.

Lukaşenka 11-nji iýunda Minskdäki prezident köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda Şaýmanyň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi, ýöne 63 ýaşly emeldaryň “daşa gitmeli däldigini we zerur ýerinde goldaw bermelidigini” aýtdy.

Ýaňy-ýakynda hem prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Şaýmanyň näme üçin işinden aýrylandygy belli däl.

Şeýman Lukaşenka 1994-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri dürli ýokary derejeli howpsuzlyk wezipelerinde, onuň bilen el-ele berip işledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG