Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen – owgan wekiliýetleriniň soňky duşuşygynda haýsy meseleler maslahatlaşyldy?


Türkmen we owgan wekiliýetleri Hyratda duşuşýar. 5-nji iýun, 2021 ý. Owganystan.
Türkmen we owgan wekiliýetleri Hyratda duşuşýar. 5-nji iýun, 2021 ý. Owganystan.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen wekiliýetiniň Owganystana eden sapary we onuň töweregindäki täzeliklere, Demirgazyk Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertlerine gönükdirilýär.

Türkmen mediasyna görä, 5-6-njy iýunda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystana sapar edip, owgan kärdeşi Mohammad Hanif Atmar bilen duşuşdy.

Resmi maglumatlara görä, türkmen-owgan wekiliýetleriniň bilelikde geçiren syýasy geňeşmelerine taraplaryň ykdysady geňeşdarlary, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ýolbaşçylary, maliýe düzümleriniň hem-de ýurtlaryň arasyndaky iri taslamalara gatnaşýan holdingleriň ýolbaşçylary gatnaşypdyr.

Owgan metbugatyna görä, Aşgabat Kabulyň mermer daşlaryny satyn almaga gyzyklanma bildiripdir.

Türkmen habar serişdelerinde saparyň jemleri barada giňişleýin maglumat berilmeýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen wekiliýetiniň Owganystana eden sapary we onuň töweregindäki täzeliklere, Demirgazyk Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertlerine gönükdirilýär.

Gepleşigimize Kabuldan žurnalist Şaýmerdanuly Myrady gatnaşdy.

Türkmen – owgan wekiliýetleriniň soňky duşuşygynda haýsy meseleler maslahatlaşyldy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG