Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ metbugaty: Hytaýa hukuklar meselesinde garşy durmaly, infrastruktura planlarynda bäsleşmeli 


G7 liderleri soňky iki ýyla golaý wagtdaky ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerini Angliýada, deňiz kenarynda geçirýär.
G7 liderleri soňky iki ýyla golaý wagtdaky ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerini Angliýada, deňiz kenarynda geçirýär.

Dünýäniň ýokary derejeli ykdysadyýetleriniň liderleri Hytaýyň dünýä täsirlerini ýaýbaňlandyrmak synanyşygyna garşy durmaga çalşyp, ösüp barýan ýurtlar üçin infrastruktura planyny hödürlediler.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 12-nji iýunda öňdebaryjy demokratik ýurtlaryň liderlerini Pekin bilen bäsleşikde bir bitewi fronta çagyrmak bilen bir hatarda, Hytaýyň azlyklara garşy ulanýan ýowuz çäreleri hakynda hem durup geçdi.

Dünýäniň senagat taýdan ösen ýedi öňdebaryjy ýurdunyň (G7) liderleri soňky iki ýyla golaý wagtdaky ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerini Angliýada, deňiz kenaryndaky sammitde geçirip, dünýä COVID-19 pandemiýasyndan saplanýan wagtynda sanjymlary paýlaşmagy we has adalatly ykdysadyýet gurmagy wada berdiler.

ABŞ administrasiýasynyň iki ýokary derejeli resmisi 12-nji iýunda Kanadanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň Baýdeniň Hytaýa garşy durmak pozisiýasyny umuman goldaýandygyny aýtdy.

Germaniýa, Italiýa we Ýewropa Bileleşigi Pekin bilen beýle kesgin bölünmekden ikirjiňlenendigini aýtdy diýip, ABŞ resmileri žurnalistler bilen söhbetdeşlikde belledi.

XS
SM
MD
LG