Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýda bolan gaz partlamasynda 12 adam öldi 


Gaz partlamasy. Bezeg suraty

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, 13-nji iýunda Hytaýyň merkezi şäherinde bir ýaşaýyş etrabyndan geçýän gaz liniýasynda bolan partlama netijesinde 12 adam ölüp, 39 adam agyr ýaralandy.

Hubeý welaýatynyň Şiýan şäherinde bolan heläkçilik sebäpli bir ýüz elli adam keselhana ýerleşdirildi.

Şäheriň resmi sosial media kanalynda çap edilen beýanatda halas ediş işleriniň dowam edýändigi aýdylýar, ýöne partlamanyň mümkin bolan sebäbi barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Suratlarda halas edijileriň içerde galanlary çykarmak üçin döwük-ýenjik beton plitalaryň üstüne çykyşlary görkezildi.

Bu partlama 2013-nji ýylda, ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kingdao portunda bolan hadysa meňzeş bolup görünýär. Şonda gaz syzmalaryndan soň ýarylan ýerasty turbageçirijiler 55 adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Şiýan partlamasy günorta-günbatar Guýang şäherinde himiki jisimleri gaýtadan işleýän desgada bir awtoulagdan syzan zäherli metil formaty sekiz adamyň ölümine, üç adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandan bir gün soň boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG