Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýa Amerikanyň kubogyny açýar, Britaniýanyň çäklendirmeleri ýatyrmakdan el çekmegi ähtimal


COVID-19, Braziliýa (illýustrasiýa suraty)
COVID-19, Braziliýa (illýustrasiýa suraty)

Britan premýer-ministri Boris Jonsonyň 14-nji iýunda koronawirusyň "Delta" diýlip atlandyrylýan görnüşiniň ýaýramagy baradaky aladalar sebäpli COVID-19 çäklendirmelerini soňlanmak pursadyny yza süýşürmegi yglan etmegine garaşylýar.

Britaniýa 21-nji iýundan başlap ähli sosial çäklendirmeleriň "ir" ýatyrylmagyny göz öňünde tutýan plan boýunça pandemiýa çäklendirmelerini kem-kemden aradan aýyrdy we waksinasiýanyň dünýäde iň ýokary derejesine eýe boldy.

Saglygy saklaýyş işgärleri wirusyň "Delta" wariantynyň asyl nusgasyndan 60% has ýokançly bolup biljegini aýdýarlar we sanjym edilmedikleriň arasynda üçünji infeksiýa tolkunynyň başlanmagyna we hassahana has köp adamyň ýerleşdirilmegine sebäp bolup biljekdigini aýdýarlar.

Bu aralykda, Germaniýada ýurduň saglygy goraýyş ministri COVID-19 ýokançlyklaryň azalmagy dowam etdirilse, açyk howada işlemek üçin maska geýmek talabynyň ýatyrylyp biljekdigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň köpüsinde COVID-19 bilen keselleýänleriň sany azalýar, ýedi günüň dowamynda ortaça görkeziji günde 10 000 çenli azaldy.

Birnäçe hepde bäri ýurduň ençeme ştaty we şäherleri wirus çäklendirmelerini we hatda jaýlaryň içinde maska geýmek talaplaryny ýatyrýarlar.

Emma Braziliýada ýokançlyklar ýanwar aýyndan bäri ýokary derejede saklanýar. Dowam edýän krizise garamazdan, Braziliýa 13-nji iýunda "Amerikanyň kubogy" futbol çempionatyny gapma-garşylykly ýagdaýda açdy.

Epidemiologlar bu sport wakasynyň COVID-19 epidemiýasyny güýçlendirip biljekdigini duýdurýarlar.

XS
SM
MD
LG