Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halilzad goşun çykarylsa-da, ABŞ-nyň 'Owganystandan çekilmändigini' aýdýar


ABŞ-nyň Owganystanyň parahatçylygy boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, Nur-Soltandaky metbugat ýygnagynda. 13-nji iýun, 2021

ABŞ-nyň Owganystana parahatçylyk getirmek boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, planlaşdyrylyşy ýaly şu ýyl goşunlary yza çekmekden soň hem ABŞ-nyň Owganystany terk etmejekdigini aýtdy.

“Biziň güýçlerimiz Owganystandan çykýar, emma ABŞ Owganystandan çykmaýar. Owganystanda parahatçylyk we barlyşyk gazanmak üçin köp iş ederis "-diýip, Halilzad 13-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltana eden saparynda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Howpsuzlyk kömegimizi dowam etdireris we ykdysady hem ynsanperwer kömegimizi dowam etdireris" diýip, Halilzad aýtdy.

Ýurtda zorlugyň güýçlenmegi we "Talyban" bilen Günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň bökdelmegi bilen bagly ýagdaýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 11-nji sentýabra çenli ýurtdan çykmagyndan soň Owganystanyň geljegine näbellilik döredýär.

Jo Baýdeniň administrasiýasy Owganystana harby we ynsanperwer kömegini bermäge ygrarlydygyny aýtdy.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Owganystana 266 million dollardan gowrak täze ynsanperwer kömegini yglan etdi we 2002-nji ýyldan bäri Owganystana ABŞ-nyň gumanitar kömeginiň 3,9 milliard dollara barabar bolandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG