Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda meşhur orkestriň konsertleri geçdi


Çarli Çapliniň “Çaga” atly filminiň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda ýubileý görkezilişi. 2021-nji ýylyň 6-njy iýuny.
Çarli Çapliniň “Çaga” atly filminiň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda ýubileý görkezilişi. 2021-nji ýylyň 6-njy iýuny.

Aşgabatda geçen bir hepdäniň dowamynda nusgawy sazy we dünýä kinosyny halaýanlary ýene iki sany medeni waka begendirdi.

13-nji iýunda ýekşenbe güni paýtagtyň Magtymguly adyndaky saz drama teatrynda 31 ýaşly sazanda Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berýär.

Meşhut türkmen sazandasynyň ýolbaşçylygynda geçirilen “Klassika dünýäsine syýahat” atly konsertde dünýä we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.

Orkestr meşhur kompozitor Rejep Rejepowyň awtorlygyndaky “Orkestr bilen goboý üçin konsert” eserini ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti Rejep Redjdepow şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda 76 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýolagmagynyň sebäbi koronawirusdy.

Ýekşenbe konsertinde dünýä aýdym-saz klassikleri Wolfgang Motsartyň “Figaronyň nikasy” we Klod Debusiniň “Klarnet we orkestr üçin rapsodiýa” atly eserleri hem ýerine ýetirildi. Sergeý Rahmaninowyň “2-nji simfoniýa mi minor” 2-nji we 3-nji bölekleri, Pýotr Çaýkowskiniň “Romeo we Julieta” uwertýurasy eşitdirildi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, konsertiň geçen jaýy tomaşaçydan dolydy we programmanyň ahyrynda tomaşaçylar konserti ýerine ýetiren aýdym-saz toparyny uzak wagtlap el çarpmak bilen sahnadan goýbermediler.

"Sazandalar lapykeç etmediler we" hökmany bonus" hökmünde Pýotr Çaýkowskiniň "Şelkunçik" baletinden bir bölegi ýerine ýetirdiler" diýip, konserte gatnaşan paýtagt ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Geçen hepde ýaş sazandalaryň kamera orkestri Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýene-de tomaşaçylaryň doly zalyny ýygnady. 6-njy iýunda ýaş kollektiw dünýä kinosynyň muşdaklaryny Magtymguly teatryna toplady we beýik Çarli Çapliniň ilkinji doly formatly režissýorlyk eseri bolan "Körpe" («The Kid») atly filminiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirdi.

Çaplin diňe bir "Körpe" filmine režissýorlyk etmek we oýnamak bilen çäklenmän, onuň üçin saz hem döretdi. Ýaş çaga we onu tapan sergezdan hakda sessiz film, bir sagatlap Çapliniň sazy bilen uýtaşýar we bolup geçýän wakalary suratlandyryp, gahrymanlaryň duýgularyny we başdan geçirmelerini şekillendirýär. Azatlygyň habarçysy filmiň ýubileý görkezilişinde ýaş türkmen sazandalarynyň muny ussatlyk bilen ýerine ýetirendigini gürrüň berýär.

"Körpe" ally filmiň ýubileý görkezilişine gatnaşan 50 ýaşly aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, bu medeni wakanyň özünde galdyran täsirleri bilen paýlaşdy.

"Körpe" atla filmiň ýubileý görkezilişi tomaşaçylardan doly jaýda geçdi
"Körpe" atla filmiň ýubileý görkezilişi tomaşaçylardan doly jaýda geçdi

"Filmdäki titrlerde Çapliniň özi: "Seredip gülüp, aglarsyňyz" - diýdi. Tomaşaçylar dogrudanam hem güldüler, hem-de gözýaş dökdüler. Agtyklary we çagalary bilen bilelikde gelen tomaşaçylar ýene gülüşdiler, çagalar kakanyň we ogluň aýrylyşmagyndan gaty gorkdular. Gylyjowyň ýaşlar orkestri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen Çarli Çapliniň ajaýyp sazy bu çyn ýürek duýgularyny aç-açan beýan etmäge kömek etdi "-diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Film görkezilensoň, ýaşlar orkestri Çarli Çapliniň başga bir ajaýyp eseri "Şäher çyralary" («City Lights») filminden "Ýylgyr" («Smile!») eserini ýerine ýetirdi.

Soňky aýlarda türkmen paýtagtynda aýdym-saz çäreleri yzygiderli geçirilip, doly zallar ýygnaldy. Gylyjowyň ýaşlar kamera orkestriniň çykyşy bu çäreleriň köpüsini bezedi.

31 ýaşly Rasul Gylyjow 2007-nji ýylda, 17 ýaşyndaka ýaş sazandalar toparyny ýygnady.

Ýaşlar kamera orkestriniň maý aýynda eden soňky çykyşlarynyň birine gatnaşan tomaşaçy muny şeýle suratlandyrdy:

“Rasul Gylyijowda töwereginde üýtgeşik adamlary ýygnamak we olara üstünlige ylham bermek üçin seýrek bir zehin bar, onuň özi-de özboluşly zehin. Ýokary derejeli sazandalardan düzülen ýaşlar kamera orkestri ilki bilen kän bir meşhur däldi. Emma indi onuň konsertleri iňňän meşhur geçýär" diýip, paýtagtly aýdym-saz muştagy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde öz pikirini paýlaşdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG