Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Meşhur kompozitor Rejebow ýogaldy, Lebapda waksina sanjymlaryna taýýarlyk görülýär


Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejep Rejebow (ortada)
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejep Rejebow (ortada)

Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda belli türkmen kompozitory Rejep Rejebow COVID-19 sebäpli aradan çykdy. Bu aralykda, ýurduň esasy karantin zonasynyň ýerleşýän Lebap welaýatynda koronawirusa garşy waksina sanjymy edilmeli birinji derejeli töwekgelçilik toparyna degişli raýatlaryň sanawy düzülýär.

Ýekşenbe güni Aşgabatda belli türkmen kompozitory Rejep Rejebow 76 ýaşynda koronawirus sebäpli aradan çykdy. Bu barada kompozitoryň doganynyň Facebook hasabynda we garaşsyz türkmen neşirlerinde maglumat ýerleşdirildi.

Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, meşhur kompozitor dekabryň başlarynda özüni ýaramaz duýup başlapdyr. Mundan soň, ol ýanwaryň tutuş birinji hepdesiniň dowamynda keselhanada emeli dem beriş ulgamyna çatylgy ýagdaýda saklanypdyr. Emma sazanda koronawirus infeksiýasy sebäpli dörän agyrlaşma netijesinde aradan çykypdyr.

Türkmenistanyň at gazanan artisti, at gazanan medeniýet işgäri, şeýle-de Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Rejep Rejebow, Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyny gutarypdy. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň resmi “Altyn Asyr” websaýtynyň rus dilli görnüşinde Rejep Rejebowyň ölümi bilen bagly makala çap edilse-de, onda onuň aradan çykmagynyň sebäpleri barada hiç zat aýdylmady. 11-nji ýanwarda çap edilen Türkmenistanyň esasy gazetlerinde görnükli kompozitoryň ölümi barada maglumat berilmedi.

Ýatlatsak, 5-nji ýanwarda Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow hem 72 ýaşynda pnewmoniýa sebäpli aradan çykypdy. Türkmen resmileri we mediasy Amanowyň ölümi barada hem dymmagy saýlap alypdylar.

Umuman, türkmen häkimiýetleri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem COVID-19 alamatly ýagdaýlaryň gürelýändigine we ýurtda ölüm derejesiniň ýokarlanýandygyna garamazdan, häzirki güne çenli ýurduň çäklerinde ölüm howply wirusyň ýokdugyny öňe sürüp gelýärler.

Şol bir wagtda, türkmen emeldarlary ýurtdaky koronawirus testlerini garaşsyz seljermeler üçin daşary ýurtdaky laboratoriýalara ibermeýärler.

Geçen hepde Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa boýunça regional direktory Hans Kluge Türkmenistanyň heniz koronawirus synaglaryny BSG-niň daşary ýurtlardaky barlaghanalaryna ibermek üçin anyk çäre görmändigini äşgär etdi.

7-nji ýanwarda Hans Kluge guramanyň inisiatiwasy boýunça Türkmenistanyň prezidenti, şeýle hem ýurduň saglygy saklaýyş we daşary işler ministrleri bilen guran gepleşikleri we Türkmenistanda bilelikde test geçirilip, nusgalary Bütindünýä Saglyk Guramasynyň daşary ýurtlardaky laboratoriýalaryna ibermek barada teklip edendigini gürrüň berdi.

"Hawa, şu gün, gynansak-da, anyk çäreleri görmändigimizi aýdyp bilerin”, diýip Hans Kluge belledi.

Bu aralykda, Lebapda koronawirusa garşy daşary ýurt waksina sanjymy edilmeli raýatlaryň sanawy düzülip başlandy.

“Fewralda daşary ýurt waksinasynyň sanjymy edilip başlanjakdygy aýdyldy. Häzir ýokary töwekgelçilik toparyna girýänleriň, ýagny saglyk işgärleriň we mugallymlaryň sanawy düzülýär. Maglumat toplamak we hasaba almak işleri ýerli maşgala lukmanlaryna tabşyryldy” diýip, türkmenabatly lukmanlaryň biri Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda anyk haýsy waksinanyň sanjym edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyňlaşdyryp bolmady. Emma bellemeli ýeri, mundan öň Türkmenistan koronawirusa garşy Russiýada öndürilýän “Sputnik V” sanjymyny satyn almaga isleg bildiripdi. Dekabryň aýagynda Russiýanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, türkmen delegasiýasy Russiýanyň saglyk ministrliginde ýokary derejeli rus saglyk resmileri bilen duşuşyk geçiripdir.

Türkmenistan öz çäginde şu wagtda çenli resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 hadysasy barada habar bermedi. 25-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow ýurduň “çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreleriň” görlendigini ýene bir gezek gaýtalady.

Şeýle-de, prezident koronawirusa garşy göreşde buýan köküniň netijeli derman bolmak ähtimallygyny öňe sürdi. Munuň yzy bilen, döwlet mediasynda, COVID-19-a garşy göreşde netijeliligi ylmy taýdan subut edilmedik, bu ösümligiň mahabaty hem güýçlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG