Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen raýatlarynyň Kiýedäki deslapky tussaglygy 29-njy iýula çenli uzaldyldy


Solomenskiý etrap sudy, Kiýew

Kiýewiň Solomenskiý etrap kazyýeti 2018-nji ýylyň aýagyndan bäri jenaýat işlerine garalmagyna garaşýan üç türkmenistanlynyň tussaglyk möhletini ýene bir gezek uzaltdy diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Günäkärlenýänleriň täze aklawçylary bu kararyň üstünden Kiýewiň şikaýat kazyýetine arz etmegi planlaşdyrýar.

Kazyýetiň soňky kararyna görä, Rustam Açylow, Maksat Muhtarkuliýew we Arslan Çaryýew 2021-nji ýylyň 29-njy iýulyna çenli deslapky tussaghanada galmaly. Tussag edilen pursatlaryndan bäri, kazyýet işi boýunça seljermeleriň geçirilmeýändigine garamazdan, tussaglyk möhleti yzygiderli uzaldylýar diýip, habarda bellenýär.

Ozal habar berlişi ýaly, talaňçylykda, watandaşynyň bedenine zeper ýetirmekde we oňa degişli awtoulagy ogurlamakda güman edilýän türkmen raýatlary Kiýewdäki deslapky tussaghanada saklanýar we, günäli tapylan ýagdaýynda, olara 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Ukrainadaky türkmen ilçihanasynyň işgärleri sud seljerişligi uzaga çeken türkmenistanlylara hiç bir kömek bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG