Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Täjigistana we Türkmenistana barýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow (çepde) we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

28-29-njy iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Täjigistana barýar. Bu barada 24-nji iýunda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Sadyr Žaparowyň metbugat gullugy amala aşyryljak sapary tassyklady. Onuň maglumatlaryna görä, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we gyrgyz-täjik serhedi bilen bagly meseleler maslahatlaşylar.

Japarow Täjigistana etjek saparynyň öňüsyrasynda, 27-28-nji iýunda resmi sapar bilen Türkmenistana barar. Ol Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahat edýär.

Žaparow prezident hökmünde Täjigistana ilkinji gezek sapar edýär. 30-njy aprelde iki ýurduň döwlet baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, iki ýurduň ýurduň serhedindäki ýaragly çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gyrgyz prezidentiniň resmi web-saýty döwlet baştutanlarynyň şu ýylyň maý aýynda Duşenbede ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi. Bu söhbetdeşligiň ertesi güni prezidentler ýene-de bir gezek jaňlaşyp, serhetdäki ýagdaýy durnuklylaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Ýatlasak, 28-30-njy aprelde Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk bolup geçdi. Resmi maglumatlara görä, çaknyşyklarda 189 gyrgyz raýaty ejir çekdi, olardan 36 adam, şol sanda iki çaga öldi. Täjik häkimiýetleri çaknyşyklarda 19 adamyň ölendigini we 87 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Serhetdäki çaknyşyk bilen bagly iki ýurt birek-biregi aýyplady, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gözegçilik edaralary agyr maddalar esasynda jenaýat işini gozgady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG