Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow

27-nji iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabada sapar edýär.

Gyrgyz prezidentiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, iki günlük resmi saparyň çäginde Žaparow türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşar. Žaparowyň gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň işine hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Gyrgyzystanyň resmi delegasiýasynyň düzümine ýurduň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, ykdysadyýet we maliýe ministri Asylbek Žaparow, adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygy Boobek Ažikeýew, transport we aragatnaşyk ministri Gulmira Abdraliýewa, Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi we beýleki ýokary derejeli resmiler girýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 25-nji iýunda türkmen baş diplomaty Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Türkmenistanda täze bellenilen adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşypdyr.

Resmi maglumatda duşuşykda beýleki meseleler bilen birlikde gyrgyz prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň hem maslahat edilendigi bellenilýär.

Ministrlik saparyň dowamynda ondan gowrak döwletara we hökümetara resminamalara gol goýmagyň hem meýilleşdirilýändigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG