Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda COVID-19-dan 400,000 adam öldi. Wirusyň delta görnüşi Tokio Olimpiýa oýunlaryna kölege salýar


Hindistanda COVID-19 sebäpli ölenleriň resmi sany 400 müň adamdan geçdi.
Hindistanda COVID-19 sebäpli ölenleriň resmi sany 400 müň adamdan geçdi.

Hindistanda COVID-19 sebäpli ölenleriň resmi sany 400 müň adamdan geçdi. Şol bir wagtda, koronawirusyň adamdan adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň dünýäde ýokanjyň täze tolkunyna sebäp bolmagynyň mümkindigi barada aladalar bildirilýär.

Koronawirus global pandemiýasy başlanandan bäri, wirusdan 4 milliona golaý adam öldi. Emma Bütindünýä Saglyk Guramasy heläk bolanlaryň asyl sanynyň 2-3 esse köp bolmagynyň mümkindigini duýdurýar.

Hindistanyň Saglyk ministrliginiň 2-nji iýulda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda COVID-19 sebäpli 853 adam ölüpdir.

Bu aralykda, Aziýa yklymynyň döwletleri koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, çäklendirmeleri ýaňadandan ornaşdyrýarlar.

Koronawirusyň delta görnüşi şu aý başlanmaly Tokio Olimpiýa oýunlaryna hem kölege salýar. Ýaponiýanyň “Ýomiuri” gazetiniň 2-nji iýulda beren maglumatyna görä, Tokio Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary gijeki oýunlaryň dowamynda, şeýle-de uly zallarda tomaşaçylaryň gatnaşmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýärler.

23-nji iýulda başlanmaly Tokio Olimpiýa oýunlary geçen ýyl pandemiýa sebäpli yza süýşürilipdi. Daşary ýurtly tomaşaçylaryň gatnaşmagy eýýäm gadagan edildi.

1-nji iýulda ýapon premýer-ministri Ýoşihide Suga çykyş edip, tomaşaçylar we Tokiodaky adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmak kararynyň öňümizdäki hepde kabul ediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG