Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe aýallara garşy zorlugyň öňüni almak konwensiýasyndan çykdy


Demonstrantlaryň ellerinde “Biz Stambul konwensiýasyndan ýüz öwürmeýäris. Bu biziň üçin soň däl” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.
Demonstrantlaryň ellerinde “Biz Stambul konwensiýasyndan ýüz öwürmeýäris. Bu biziň üçin soň däl” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Türkiýe 1-nji iýuldan başlap aýallara garşy zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek baradaky halkara ylalaşykdan çykdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy munuň “bihepbe we howply” karar bolandygyny, şeýle-de munuň netijesinde ezijileriň jezasyz galyp biljekdigini duýdurdy.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan martda Ýewropa Geňeşiniň Stambul Konwensiýasyndan çykmak barada karar kabul etdi. Bu halkara ýazgarmalara we Türkiýede köçe protestleriniň geçirilmegine sebäp boldy.

1-nji iýulda Erdogan munuň bilen ýurtdaky aýallaryň hak-hukuklary babatynda yza gaýtmalaryň bolmajakdygyny aýtdy we Aýallara garşy zulum bilen göreşmek boýunça milli planyň kabul edilendigini mälim etdi.

Emma müňlerçe adam Stambulyň, Izmiriň, Ankaranyň we beýleki türk şäherleriniň köçelerine çykyp protest geçirdi. Demonstrantlaryň ellerinde “Biz Stambul konwensiýasyndan ýüz öwürmeýäris. Bu biziň üçin soň däl” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Stambul konwensiýasynda erkekler bilen aýallaryň hukuklarynyň deňdigi bellenilýär, şeýle-de resmileriň jynsy sebäpli aýallara görkezilýän zorluklaryň öňüni almalydygy, pidalary goramalydygy we ezijileri jezalandyrmalydygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG