Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Türkmenistanda ärini öldüren aýalyň günäsini geçdi


Türkmenistanda maşgaladaky zorluk meselesi barada iş ýüzünde asla gürrüň edilmeýär. Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanda ärini öldürmekde günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilen aýalyň günäsini geçdi. Bu barada turkmen.news neşiri Policia.kz portalyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Gazagystanyň Ekibastuz şäheriniň ýaşaýjysy Larisa Antonýuk geljekki adamsy bilen Gazagystanda tanyşypdyr. Durmuş toýundan soňra, maşgala äriniň watanyna – Türkmenistana göçdi.

Habarda bellenilşi ýaly, äriň maşgalasy gelni erbet garşylapdyr. Soňundan äriniň neşe maddalaryny ulanýandygy hem aýan bolupdyr. Erkek kişi neşe üçin pul talap edip, aýalyna we çagasyna el gatyp hem başlapdyr. Larisa bir gezek ärinden goranýan wagty, ony öldüripdir.

2011-nji ýylda türkmen sudy Antonýugy günäli tapyp, ony 21 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Antonýuk wagtyň geçmegi bilen, Gazagystana ugradylyp, jeza möhletini şol ýerde dowam etmegini gazanmagy başardy.

Prezident Tokaýewiň buýrugy bilen, Antonýugyň türme möhleti kemeldildi. Ol eýýäm şu aýyň aýagynda azatlyga çykar. Günä geçiş hökümi çykarylanda, Antonýugyň koloniýada özüni gowy alyp barandygy, tikinçilik sehinde işländigi we ähli medeniýet çärelerine gatnaşandygy hem bellenip geçildi.

Ilki başda Antonýugyň dört çagasy Türkmenistandaky ýetimler öýüne tabşyryldy. Emma soňy bilen Larisanyň gyz dogany olary hem Gazagystana äkitmegi başardy.

Türkmenistanda maşgaladaky zorluk meselesi barada iş ýüzünde asla gürrüň edilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG