Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

MHM medisina işgärlerini şugulçylyga çekýär


Illýustrasiýa suraty. Lebap

Ýörite çarter gatnawlary bilen daşary ýurtlardan Türkmenistana gaýtarylyp getirilýän raýatlar 21 gün möhlet bilen karantin astynda galýar. 21 günden soňra olar köplenç karantinden boşadylýar. Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) daşary ýurtlardan dolanan raýatlar barada maglumat almak üçin maşgala lukmanlaryny şugulçylyga çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Habarçy MHM gulluklarynyň Lebap welaýatynyň Farap şäherinde maşgala lukmanlaryny şeýle işlere çekýändiklerini habar berýär.

Birnäçe maşgala lukmanynyň sözlerine görä, daşary ýurtlardan dolanýan raýatlar, şol sanda studentler MHM gulluklarynyň üns merkezinde.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, hususan-da Russiýadan we Türkiýeden dolanýan raýatlar türkmen MHM gulluklaryny gyzyklandyrýar.

Türkiýe we Russiýa ykdysady kynçylyklardan we syýasy basyşlardan gaçyp ýurdy terk edýän raýatlaryň esasy barýan ýurtlarynyň hataryndadyr. Bu ýurtlarda köp sanly türkmenistanly talyp hem bilim alýar.

“Häkimiýetler Orsýet we türk döwletlerinde raýatlaryň kimler bilen tanyş bolandyklaryny öwrenýärler” diýip, bir farap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlaryny yzarlamakda dürli usullardan peýdalanýar.

“Raýatlardan maglumat almagyň ýollary barada Lebap MHM edarasynyň etraplarda saglyk pudagyna berkidilen işgärleri, kuratorlary içalyçylyk okuw sapaklaryny geçýärler” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Ýöne MHM-niň şugulçylyk babatynda saglyk işgärlerinden edýän talaplary elmydama makul hasaplanylmaýar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir saglyk işgäri häkimiýetleriň şeýle talaplaryna özüniň garşydygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli saglyk işgäriniň adyny üýtgedip, onuň adyny Aýnur diýip tutýar.

“Men adamlara garşy içalyçylyk etmeýärin. Men lukman. Öz işiňizi özüňiz ediň!” diýip, Aýnur häkimiýetlere aýdypdyr.

Aýnur şugulçylygy ýigrenji hasaplaýar.

“Men ýigrenji bolup biljek däl” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aýnuryň sözlerini sitirleýär.

Ýöne MHM diňe Aýnur bilen, ýa-da diňe saglyk işgärleri bilen çäklenmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şu günler Lebapda ýörite gulluklar beýleki býujet işgärlerinden hem öz goňşulary barada maglumat talap edýär.

“Býujet işgärleriniň çarter uçarda ýurda dolanan goňşulary bar bolsa, MHM olary goňşulary barada maglumat toplamak üçin ulanýar” diýip, bir faraply býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýurda dolanan raýatlar özleri barada maglumat toplanylmagyna biparh däl, olar mundan habarly we olaryň köpüsi bu ýagdaýdan nägile bolýarlar.

“Döwletiň ýurda dolanýan raýatlara duşman göz bilen seretmegi, olara ‘döwlet duşmany’ hökmünde seretmegi meni lapykeç etdi” diýip, golaýda Russiýadan dolanan student ýigit, Baýjan (ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar dogrusynda Azatlyk Radiosy MHM-niň Lebap şahamçasyndan maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri bolup, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna pugta gözegçilik etmekde tankyt edilýärler.

Azatlyk Radiosy mundan ozal Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda aýdym-saz bilen meşgullanýan talyplary içalyçylyga çekmek tagallalary barada habar berdi. Galyberse-de, MHM mundan ozal raýatlar barada maglumat toplamak üçin jelepleriň hyzmatyna bil baglady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG