Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM daşary ýurtlylara gözegçilik etjek şugullary taýýarlaýar


Talyplar (illýustrasiýa suraty)
Talyplar (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) şu ýyl Aşgabatda geçiriljek halkara sport ýaryşlarynyň öňünden iňlis dilini gowy bilýän studentleri şugulçylyga taýýarlaýar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň arasyndan saýlanyp alnan ýaşlar Aşgabada ugradylyp, halkara sport ýaryşlarynda aýlyksyz terjimeçi we gid hökmünde ulanylar.

Aýdylmagyna görä, talyplary daşary ýurtlardan gelen türgenleri berk yzarlamaga, olaryň telefonlarynda wideo ýazgy etmezliklerine, surat almazlyklaryna gözegçilik etmäge we gören-eşiden zatlaryny degişli edara gyssagly habar bermäge taýýarlaýarlar.

"MHM geçen hepdäniň birinji gününden bäri institutda saýlanyp alnan 75 talyp bilen okuw ýygnaklaryny geçirýär, olara akylly telefonlaryň käbir inçe tilsimlerini öwredýärler" diýip, institutyň mugallymlarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmaszylygyny soran mugallymyň sözlerine görä, terjimeçi we gid bolmaly studentleriň wezipesi daşary ýurtlardan gelen türgenlerden eşiden zatlaryny 'gylyny gaçyrman' habar bermeli we olary şäherde diňe öňünden kesgitlenen ýerlere alyp barmaly.

Bu ýagdaýlar dogursynda MHM-niň Lebap welaýaty boýunça edarasyndan we Seýitnazar Seýdi mugallymçylyk institutyndan resmi kommentariýa almak başartmady.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan ýurda barmaga rugsat berlenleri berk gözegçiliginiň astynda saklaýar.

Türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň daşary ýurtlylaryň ýanyna hamana gid hökmünde, ýörite şugullary berkidýändigi barada ozal hem habarlar peýda bolupdy.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gelen günbatarly habar beriş serişdesiniň wekili her bir žurnalistiň ýanynda iki sany syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilendigini, olaryň MHM-däki öz kuratorlarynyň öňünde günde üç gezek hasabat bermelidigini ýaşyrman açyk aýdýandygyny Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň beripdi.

Ol akkreditasiýa rugsady berlen žurnalistleriň köpüsine hatda ýaryşlary surata almaga we wideo düşürmäge rugsat berilmändigini, özlerine paýtagtyň daşyna çykmagyna, islän ýerlerine gitmegine hem ýol berilmändigini aýdypdy.

Galyberse-de, şol pursat oýunlaryň guramaçylary bu çäräni şöhlelendirmek üçin daşary ýurtly žurnalistleriň ençemesini çagyran bolsalar hem, soňy bilen olaryň birnäçesiniň akkreditasiýany elinden alypdylar.

Şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara sport ýaryşlarynyň arasynda: 6-11-nji sentýabr aralygynda geçmeli tennis boýunça Dewisiň Kubogynyň bir tapgyry, şeýle hem 13-17-nji oktýabr aralygynda geçmeli Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem bar.

Emma bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleri bu halkara ýaryşlaryny koronawirus pandemiýasy sebäpli dürli sport çäreleriniň, şol sanda Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ykbalynyň doly kesgitlenmedik döwri geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Ýatlatsak, ilki başda 2020-nji ýylda Türkmenistanda geçirmegi göz öňünde tutulan dürli halkara ýaryşlary, pandemiýa sebäpli, olaryň guramaçylary tarapyndan başga senä we başga döwletlere geçirilipdi. Ýagny, futzal boýunça Aziýa çempionatyny Küweýtde geçirmek, şeýle-de sambo boýunça dünýä çempionatyny Serbiýada geçirmek kararyna gelnipdi.

Şol bir wagtda, mundan bir hepde ozal Türkmenistanyň Saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow şu ýyl Aşgabatda geçjek ýaryşlara geljek daşary ýurtly türgenleriň, onuň öz sözi bilen aýdylanda, “ýokanç kesellerden goranmaklary üçin” olara sanjym geçiriljekdigini, munuň üçin “hemme zerur” serişdeleriň bardygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem ýurtda ulanmagyna ygtyýar berlen Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny göz öňünde tutup, “ýurtda bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagynyň mümkindigini, şoňa görä-de de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiliginiň bolmalydygyny” aýtdy we “bu sanjymlaryň ähli görnüşleriniň mugt üpjün ediljekdigini” mälim etdi.

Şol bir wagtda, ýurduň öz içinde COVID-19 alamatly raýatlar degişli bejergini almakda, keselhanalara ýerleşmekde, gerekli dermanlary satyn almakda, kä halatlarda hötdesinden gelip bilmeýän, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmen resmileri ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürmegine garamazdan, ýurtda barha köp adamyň wirusa ýolugýandygy, ondan heläk bolýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG