Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus resmileri prezidentlige öňki dalaşgäri 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi


Wiktar Babarykany korrupsiýa aýyplamalarynyň esasynda 2020-nji ýylyň iýunda tussag edildi. Minskdäki sud diňlenişigi, 6-njy iýul, 2021.

Belarusyň sudy prezidentlige öňki dalaşgär Wiktar Babarykany korrupsiýa aýyplamasy bilen 14 ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, ýerli metbugat 6-njy iýulda habar berdi.

Russiýanyň eýeçiligindäki "Belgazprombankyň" öňki başlygy Babaryka geçen ýylyň iýun aýynda prezidentlik saýlawlary üçin awtoritar hökümdar Alýaksandr Lukaşenka garşy dalaşgär hökmünde hasaba durjak bolanda tussag edilipdi.

Prokuror Sýarheý Hirhel Minskdäki suddan Babarykany para almak we pul ýuwmak aýyplamasy esasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady.

Şeýle hem Hirhel kazy Ihar Lýubawitskiden 22-nji iýunda bu işdäki beýleki günäkärlenýänleri üç ýyl bilen alty ýyl aralygynda azatlykdan mahrum etmegi isledi.

Babaryka 28-nji iýunda eden soňky çykyşynda özüne garşy öňe sürülýän korrupsiýa aýyplamalarynyň toslanyp tapylandygyny we özüniň bigünädigini ýene bir gezek aýtdy.

Lukaşenkanyň 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji yglan edilmegi ses berişligiň galpdygyny aýdýan on müňlerçe belaruslynyň nägileligini döretdi.

Demonstrasiýalar birnäçe aýlap dowam etdi, belaruslylar 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galýan Lukaşenkadan çekilmegi we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG