Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň iki ştatynda COVID-19 gürelýär, Russiýada rekord derejede gündelik adam ölümi hasaba alyndy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň iň köp ilatly iki ştatynda, ýagny Nýu-Ýorkda we Floridada COVID-19 ýagdaýlary artýar. Bu aralykda, Günorta Koreýada koronawirusa gündelik ýolugýanlaryň rekord sany hasaba alyndy. Russiýada bolsa, tertip üç gün bäri wirusdan gündelik heläk bolýanlaryň anti-rekord görkezijileri täzelenýär.

ABŞ-nyň Saglyk departamentiniň maglumatyna görä, Nýu-Ýorkda soňky ýedi günüň dowamynda COVID-19-yň ýüze çykarylýan täze ýagdaýlary 42% artypdyr. Floridada ondan ozalky hepde bilen deňeşdirilende wirus bilen keselleýänleriň sany 30% ýokarlanypdyr. Ştatlaryň resmileri görkezijileriň koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň ýaýramagy sebäpli ýokarlanýandygyny belleýärler. 20 million ilatly Nýu-Ýorkuň ýaşaýjylarynyň 55% töweregine doly waksinasiýa edildi. Floridada 12 ýaşdan uly adamlaryň 58%-ne, ýagny 11 milliona golaý adama doly ýa-da bölekleýin waksina sanjymy edildi.

Günorta Koreýada koronawirusa ýolugýanlaryň gündelik rekord sany hasaba alnandan soňra, ýurduň resmileri paýtagtda has berk sosial aralyk çäklendirmelerini girizmäge taýýarlyk görýärler. Koreýanyň Ýokanç kesellere garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň 10-njy iýulda beren maglumatyna görä, ýurtda bir günde ýüze çykarylan 1 müň 378 ýagdaýyň müňüsi Seulda, onuň golaýyndaky Inçeon we Gýeonngi welaýatynda hasaba alnypdyr.

Russiýada 10-njy iýulda koronawirusdan 752 adam ölümi hasaba alyndy. Bu Russiýa üçin täze anti-rekord bolup, ýurtda koronawirusyň ýaýramagy dowam edýär. Rus resmileri şol günüň özünde COVID-19-yň täze 25 müň 82 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. Russiýada iýunyň başynda wirusa gündelik 9 müň adam ýolugan bolsa, iýulyň başlarynda bu görkeziji 23 müň adama deň boldy.

XS
SM
MD
LG