Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi bilen gündelik ölüm sanlary täze rekord derejä ýetdi


Russiýada ilatyň diňe 15 göterimi sanjym kabul etdi, köpler ýerli Sputnik V sanjymyna bolan ynamsyzlygy bu ýagdaýa sebäp hökmünde görkezýär.
Russiýada ilatyň diňe 15 göterimi sanjym kabul etdi, köpler ýerli Sputnik V sanjymyna bolan ynamsyzlygy bu ýagdaýa sebäp hökmünde görkezýär.

Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda 780 adamyň koronawirus bilen bagly kesel bilen aradan çykandygyny aýdýar. Bu pandemiýa başlanaly bäri bir günde tassyk bolan iň ýokary ölüm sanydyr.

Degişli döwrüň dowamynda ýurt boýunça COVID-19 bilen hasaba alnanlaryň sany 24702 adama ýetdi diýip, koronawirusa garşy krizis merkezi habar berdi. Munuň bilen COVID-19 bilen näsaglanlaryň umumy sany 5,7 million adama ýetdi. Ýurtda jemi 144,492 adam koronawirus bilen aradan çykdy.

Ýöne tankytçylar käbir ölümleriň ýalňyş hasabat berilmegi sebäpli we beýlekileriň bilgeşleýin ýaşyrylmagy sebäpli kesel ýokaşanlaryň hem-de bu kesel bilen aradan çykan adamlaryň hakyky sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Russiýa hadysalaryň ýokarlanmagyndan ejir çekýär. Saglyk resmileri munuň bilen baglylykda wirusyň çalt ýaýraýan delta görnüşini we yza galýan waksinasiýa kampaniýalaryny aýyplaýarlar. Ilatyň diňe 15 göterimi sanjym kabul etdi. Köpler ýerli Sputnik V sanjymyna bolan ynamsyzlygy bu ýagdaýa sebäp hökmünde görkezýär.

Ýokarlanýan ýokançlyklara garamazdan, Kreml ýurt boýunça ýene bir gezek lokdawn çärelerini girizmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG