Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azyk paýyny almak has kynlaşdy


Iýmit paýyna un, ýumurtga we ösümlik ýagy girýär. Türkmenistan
Iýmit paýyna un, ýumurtga we ösümlik ýagy girýär. Türkmenistan

Döwletiň subsidirlenen bahadan ilata berýän azyk paýyny almak işi Türkmenistanda gitdigiçe çylşyrymlaşýar. Welaýatlardaky täze düzgünlere laýyklykda, ýerli ýaşaýjylar zerur kagyzlary almakdan başga-da, ýaşaýan ýeri boýunça berkidilen dükanlaryna baryp, hasaba durmaly boldular. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji iýulda habar berdiler.

Häkimiýetleriň iýmit paýyny almak isleýän ýaşaýjylar üçin ýöredýän talaplary Türkmenabatda üýtgedi. Indi ýaşaýjylar dükanda öňünden hasaba durmaly, munuň üçin bolsa öý kitapçasyndan ýazgylar we maşgala agzalarynyň hemmesiniň pasportlary görkezmeli. Maşgala üçin iýmit paýy, bellige alnan maşgala agzalarynyň sany esasynda däl-de, asyl nusgasynda görkezilen dokumentler esasynda düzülýär. Dokumentleriň nusgalary indi kabul edilmeýär. Şeýlelik bilen, daşary ýurtda işleýän ýa-da goşunda gulluk edýän maşgala agzalarynyň hasabyna azyk paýlary indi berilmeýär.

Şeýle-de, habarçylaryň aýtmagyna görä, gündogar welaýatda azyk paýlary indi ýaşaýjylaryň öýlerine getirmeli edildi. Her maşgalanyň ortaça aýlyk paýy 1 litr pagta ýagy, 1 litr ösümlik ýagy we bir towuk aýagy ýaly önümlerden düzülýär.

Mundan öň subsidirlenen azyk önümlerini öýüne eltmek praktikasy dükanlaryň öňündäki ägirt uly nobatlary ýok etmek maksady bilen Aşgabatda girizilipdi. Paýtagtda bu düzgün maý aýynyň başynda girizilip, şondan bäri paýtagtyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary iki hepdede bir gezek iýmit alyp başladylar, beýlekilerde iki aýyň dowamynda diňe bir gezek azyk berildi.

Azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar.

Aşgabatda maşgala üçin berilýän azyk paýy adatça towuk butlaryndan, ösümlik ýagyndan, şekerden we ýumurtgadan düzülýär. Käwagt, bazar bahasyndaky beýleki has gymmat önümler, döwlet bahasyndaky önümleriň gapdalyndan goşulyp, mejbury ýüklenýär.

Welaýatlarda subsidirlenen önümler döwlet dükanlarynda satylýar, olaryň satuwy gijikdirilýär, nobatlar ýüzlerçe adama ýetýär. Ýerli ilat üçin iýmit paýyna un, käwagt ösümlik ýagy girýär. Oba ilaty çörek ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar, käbir obalara birnäçe günläp çörek getirilmeýär.

Lebap welaýatynda şu günler çörek satuwy irden 6-da başlaýar we ýarym sagadyň içinde tamamlanýar. Subsidirlenen çöregiň bahasy 5,3 manada durýar. Bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursuna görä, 1,5 amerikan dollaryna barabardyr. Çörek nobatlary 100 adama ýetýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýerli ilat subsidirlenen önümleri öýlerine eltip bermek düzgünini alada bilen garşy alýar. Dükanlarda önüm satylanda, köp sagada çekýän uly nobatlara garamazdan, ilatyň birnäçe gezek nobata durup, belli bir mukdarda haryt satyn almak mümkinçiligi bardy. Indi adamlar öýlerine getirlen ujypsyz azyga razy bolmaly.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň pikiriçe, bu täzelik köpler üçin iýmitlenmegiň hasam agyrlaşmagyny aňladýar, sebäbi subsidirlenen azyk önümleriniň elýeterliligini ep-esli azaldýar, sebäbi ýurduň ilatynyň aglaba köpçüligi üçin bazar bahalaryndan önüm satyn almak elýeterli däl.

Bu aralykda, bazarlarda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.

15-nji iýulda Lebap welaýatynyň bazarlarynda etiň bir kilogramynyň bahasy 70 manatdan, ösümlik ýagynyň 3 litriniň bahasy 200 manatdan, pagta ýagynyň 1,5 litrlik gabynyň bahasy 50 manatdan başlanýar. Konditer önümleriniň bahasy hem ýokarlandy. Bir kilogram şokolad 100 manat, kökeler 40 manat nyrhyndan satyldy. Umuman, soňky hepdelerde bahalar 15-20% ýokarlandy.

Şu günler şeker ýetmezçiligi ýene-de güýçlendi.

Paýtagtyň merkezinde şeker dükanlarda her on günden bir gezek peýda bolýar we gapdalyna başda zat goşulmazdan satylýar, şäheriň eteginde şeker satylmaýar. Şekeriň ýerine un hödürlenýär. Döwlet bahasyndan 5 kilogram unuň gapdalyndan, bir kilogram gymmat tüwi "ýüklenýär".

Herrikgalada subsidirlenen önümler peýda boldy we her bir adama bir gap ösümlik ýagy, iki sany towuk budy we bäş kilogram un satyldy. Emma unuň gapdalyndan bir kilogram tüwi satyldy. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji iýulda habar berdi.

Ýurduň häkimiýetleri azyndan bäş ýyl bäri dowam edip gelýän ykdysady krizisiň güýçlenmegini resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG