Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilatyň azyk paýlarynyň öýlere daşalmagy we munuň töweregindäki soraglar


Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän nobatlara bildiren nägilelginden soň, Aşgabatda häkimiýetler ilatyň azyk paýlaryny hojalyklara elip bermäge synanyşýar
Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän nobatlara bildiren nägilelginden soň, Aşgabatda häkimiýetler ilatyň azyk paýlaryny hojalyklara elip bermäge synanyşýar

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary aradan aýyrmak üçin Aşgabatda subsidirlenen iýmit önümleriniň öýlere eltilip berilmegi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Döwlet dükanlarynyň müdirleri azyk harytlarynyň hojalyklara daşalmagyna razy däl, sebäbi, görnüşinden, bu talaby amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler elýeterli däl.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, golaýda Aşgabatda bir döwlet dükanynyň müdiri subsidirlenen azyk önümlerini öz şahsy ulagy bilen hojalyklara iberipdir. Bu ýagdaý bolsa döwlet dükanlarynyň transport mümkinçilikleri barada sorag döredýär.

Aşgabatda apreliň ortalarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlardan nägile bolandygy mälim boldy. Munuň yz ýany, Serdar Berdimuhamedow söwda ministrliginden dükanlaryň öňündäki nobatlary aradan aýyrmagy talap edipdir.

Serdar Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde wise-premýer, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasydyr.

Bu talabyň yz ýany, maýyň başlarynda Aşgabatda häkimiýetler ilatyň azyk paýlarynyň öýlere eltilip berilmegini ýola goýdy. Şonda bu hyzmatyň 25-nji maý – Aşgabat gününe çenli dowam etdiriljekdigi barada maglumatlar peýda boldy.

Ýöne, görnüşinden, bu ýagdaý henizem türkmen paýtagtynda dowam edýär.

Näme üçin türkmen häkimiýetleri azyk önümlerini ilatyň öýlerine eltip bermäge zerurlyk duýýar? Eger-de ýurtda, hakykatdan-da, döwlet mediasynda aýdylyşy ýaly abadançylyk we bolçulyk höküm sürýän bolsa, onda, köplere görä, azyk önümlerini döwlet dükanlarynyň tekjelerine goýanda-da halk erkin söwda edip bilerdi.

Döwlet dükanlarynda bahalar hususy söwda bilen deňeşdirilende pes. Bu ýagdaý ilaty döwlet dükanlaryna iterýär. Ýokary talap netijesinde döwlet dükanlarynyň öňünde nobat emele gelýär. Ýöne nobatlar häkimiýetlere ýaramaýar.

Synçylara görä, ýurtda ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçdy. Ýurtda walýutanyň resmi we resmi däl goşa bahasy hereket edýär. Gara bazaryň nyrhy resmi bahadan 9-10 esse ýokary. Hususy söwda nokatlarynda bahalar, görnüşinden, gara bazara görä kesgitlenýär. Bu ýagdaý ýurtda aşa gymmatçylyga alyp gelýär. Bu aralykda, ilatyň girdejileri öňküliginden galýar.

Öýlere paýlanýan azyk harytlary her hojalygyň maşgala sanyna görä, çäkli möçberde paýlanýar. Azyk harytlarynyň çäkli möçberde paýlanylmagy olaryň bolçulygy barasynda sorag döredýär.

Bu ýagdaýlar, synçylara görä, ýurtda hökümetiň boýun almaýan ykdysady kynçylyklarynyň we azyk gytçylygynyň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.

Hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylyk ilatyň agramly bölegini hökümetiň çäkli möçberde üpjün edýän azyk paýlaryna garaşly goýýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy subsidirlenen azyk önümleriniň görnüşleri we bahalary barada habar berýär:

1 kilogram towuk budy – 16 manat.

1 litr ösümlik ýagy – 19 manat

1 kilogram şeker – 9 manat.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu harytlaryň Aşgabadyň ähli etraplaryna deň paýlanylmýandygyny, bir etraba iki aýda bäş gezek eltilen bolsa, beýleki bir etraba üç gezek, başga bir etraba iki gezek eltilendigini habar berdi.

Bu aralykda, azyk harytlarynyň öýlere eltilip berilmegi diňe paýtagt Aşgabatda amala aşyrylýar, sebitlerde we çet obalarda şeýle mümkinçilik döredilmedi.

“Elbetde, hökümet subsidirlenen azyk önümlerini halka “prezidentiň atalyk aladasy” hökmünde düşündirjek bolýar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň 1-nji iýulda beren maglumatlaryna görä, Aşgabatda çörek daşalýan ulagda getirilen çörek bir sebitde dessine satylyp gutarýar.

“Awtoulag gelen badyna her kim tanyş-bilişlerine, dogan-garyndaşlaryna we goňşularyna jaň edip habar berýärler. 10-15 minudyň içinde çörek gutarýar” diýip, bir aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Günüň dowamynda bir gezek çörek getirilýär we gysga wagtda alan alýar. Çörek ýetmedik adamlar ‘nesibämizde ýok ekeni’ diýip, yzlaryna gaýdýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

28-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy aşgabatly ýaşaýjylaryň azyk paýlarynyň paýlanylmagy bilen bagly kepillik isleýändiklerini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG